Ï Gülçüleriň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gülçüleriň bäsleşigi

view-icon 854
Daşoguzda kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşligi tarapyndan kommunal işgärleriniň arasynda guralan gülzçüleriň-bagbanlaryň bäsleşigi geçirildi.

Hünär bäsleşigine Daşoguz şäheriniň arassalýyş we abadanlaşdyryş edarasynyň gülçülik hojalyklarynyň iň gowy işgärleri gatnaşdylar. Ýehiş gazanmak bezeg ösümlikleri we degişli endikler boýunça hünär bilimini, şeýle hem döredijilyk ukykbyny talap edýärdi.

Daşoguz şäheriniň arassalaýyş we abadançylyk gül hojalygynyň ýaş işgäri Aýsapar Emelowa birinji orun berildi. Ikinji we üçünji orunlara Bägül Aýydowa we Aýmyrat Öwezow dagy mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşikde tapawutlanan beýleki gülçülere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Ýerli toprak-howa şertlerinde gyzyl bägüller, mahmal bägüller, semzek, malwa, petunýa, kalendula gowu ösýärler. Soňky ýyllarda ýurduň demirgazyk welaýat adminstratiw merkeziniň köçelerini özüniň owadan reňkleri we, ýakymly yslary bilen haýran galdyrýan ajaýyp gül kompozisiýalary bezeýär.