Aşgabatda “Awtorlyk hukugy, biri-birine ýakyn hukuklar we hukuklary toparlaýyn dolandyrmak” atly iki günlük milli maslahat öz işini tamamlady. Maslahaty Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy we Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy guradylar.
Milli maslahatyň işine gatnaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän bu halkara guramasynyň bilermenleri, şeýle hem Şweýsariýa, Wengriýa, Estoniýa, Russiýa ýaly ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinden hukuklary toparlaýyn dolandyrmak ulgamynyň belli hünärmenleri paýtagtymyza geldiler
Maslahatyň gün tertibiniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar edara jaýy Ženewada ýerleşýän Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň işi bilen tanyş boldylar. Bu ýerde Wengriýada we gadymy Ýewropa ýurtlarynda lisenzirlemek, tarifisirlemek we toplamak boýunça awtorlyk hukugyny goramagyň, Baltika ýurtlarynda toparlaýyn dolandyrmagyň we eşitdiriş guramalary boýunça guramalaryň arasyndaky, şeýle hem Russiýanyň toparlaýyn dolandyrmak boýunça we hökümetiniň guramalarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň, Ýewropada toparlaýyn dolandyrmagyň we hususy nusagasiniň iň gowy tejribesi görkezildi. Maslahatyň temalarynyň biri awtorlyk hukugy boýunça Türkmenistanyň häzirki zaman kanunçylyk binýadyna bagyşlandy.