Ï Doglan günüň gutly bolsun, mekdep!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doglan günüň gutly bolsun, mekdep!

view-icon 745
Paýtagtyň Köşi ýaşaýyş etrapçasynda umumy bilim berýän täze 61-nji mekdep açyldy. Bu mekdepde Ruhnama güni dabaraly ýagdaý bellenilip geçildi.

Üç gatdan ybarat bolan bu täze mekdep 600 okuwça niýetlenendir. Mekdebiň birinji gaty iň ýaş okuwçylara – alty-ýedi ýaşly birinji synp okuwçylaryna berildi. Ähli okuw otaglary predmet okuw otaglarydyr, okuw barlghana otaglary iň hazirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendir. Iň öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalaryny özleşdirmek we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin bu mekdepde komýuter hem-de lingafon merkezleri bardyr.

okuwçylary zähmet sapaklaryny gyzlar we oglanlar üçin aýratynlykda enjamlaşdyrylan ýörite ussahanalarda geçerler. Däp bolşy ýaly, zähmet sapaklarynda ýaşajyk gyzlar tikin işlerini we nahar bişirmek sungatyny, oglanlar bolsa, agaç ussasy we slesar hünärini öwrnerler.

Mekdepde sport zaly işleýär, açyk asmanyň astynda, mekdebiň giň howlusynda ýerleşýän birnäçe meýdançalarda spotuň dürli görnüşleri boýinça meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredilendir.