Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzdaky “Baş market” söwda merkezinde türkmen zenan telekeçileriniň “Biziň başarnyklarymyz” atly söwda-ýarmarkasy geçirildi.
Ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bolan Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bilelikde däp boýunça geçirilýän çäräniň maksady jemgyýetimiziň zenanlarynyň öz döredijilik mümkinçiklerini we başarnyklaryny, işewür aýratynlyklaryny hem-de baş çykaryjylygyny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünliklerini görkezmekden, şeýlelikde, watandaşlarymyzyň durmuş işjeňligini höweslendirmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň zähmetkeşleri, milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny, onuň paýhasly däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny saklaýjylary bolan türkmen zenanlary döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna örän işjeň gatnaşýarlar. Olar täze taryhy eýýamy işjeň döredijiler bolup, döwlet we häkimýet dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini amala aşyrýarlar, Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine öýjenli goşant goşýarlar.
Şu ýyl çapdan çykan, owadan bezelen “Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi” we “Zenanlar Watanymyzyň buýsanjydyr” atly kitaplar türkmen zenanlarynyň ýurdumyzyň döredijilikli gadamlarynda uly ornunyň hem-de hyzmatynyň aýdyň tassyklanmasy boldy.
Ýokary zenanlarymyzyň bilim we hünär derejesi, başlangyç görkezmegi we telekeçiligi aýrylmaz alamatlarydyr. Milli dokma we azyk pudaklarynda gazanylýan önjeýli üstünliklerde olaryň uly paýy bardyr. Çeper elli ussatlarymyzyň başarnygy we döredijilik ruhubelentligi netijesinde halyçylyk sungatynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däpleri aýawly saklanyldy, baýlaşdyryldy hem-de hakyky ösüşe eýe boldy.
Öz hatarlarynda Watandaş zenanlarymyzyň ýüzlerçe müňüsini birleşdirýän, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ähli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýän ähmiýetli jemgyýetçilik güýjüne eýe boldy. Olaryň hatarynda söwda we jemgyýetçilik iýmiti, tikin hem-de dokma önümçiligi, bilim, amaly hünärmentçilik, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda köp işleri amala aşyrýan hususy telekeçiligiň wekilleriniň ençemesi bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwürleýin neşiri bolan “Rysgal” gazetiniň sahypalarynda ýerleşdirilýän habarlar telekeçi zenanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri we başlangyçlary hakynda gürrüň berýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda döredilen Işewür zenanlaryň merkezi olara ýardam edýär.
Zenanlaryň telekeçilik sergi – ýarmarkasy hem merkeziň goldaw bermeginde guraldy, onda hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň ýigrimä golaýy ajaýyp dokma önümlerini, özüne çekiji amaly-haşam sungatynyň eserlerini, hyzmatlar ulgamynda köp dürli teklipleri hödürlediler. Şolaryň hatarynda “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijileri hem-de haýran galdyryjy türkmen halylarynyň çeper elli ussatlary, halkara we milli maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyjylar bar.
Keramiki güldanlar we ýüpek halylary özboluşly bezegi we köpdürlüligi bilen, sowgatlyk haly önümleri, milli el keşdeleriniň we zenan bezegleriniň nusgalary gözelligi hem-de çeperçilik ussatlygy bilen köpsanly myhmanlaryň hem-de sergi-ýarmarkasyna gelenleriň ünsüni çekdi. Gelşikli dokma we jinsi penjekleriniň nusgalaryny, toý lybaslaryny, milli egin – eşikleriň nusgalaryny görkezen “Çapak” hojalyk birleşigi, “Dünýä däne” we “Gülabat” hojalyk birleşikleri bar. Ýurdumyzyň “Aýan” syýahatçylyk operatory, şeýle hem “Kreatiw” mahabat agentligi, “Akwa” we “Çeşme” gözellik salonlary, “Bagt köşgi” nika köşgüniň toý zaly öz hyzmatlarynyň tanyşdyryş çäresini geçirdiler. Bu ýerde ýurdumyzyň öndürilýän “Jana” maýrneziniň ajaýyp tagamyny dadyp görmek mümkinçiligi boldy.
Telekeçi zenanlaryň önümleriniň paýtagtymyzdaky sergi-ýarmarkasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän adyl syýasatynyň iş ýüzündäki netijelerini, öz ukyplaryny we başarnyklaryny, işewürligi we başlangyçlaryny, şol sanda öz işlerini ösdürmekde biziň ýurdumyzda zenanlara ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi.
Şu aýyň soňky ongünlüginiň dowamynda türkmen zenanlarynyň önümleriniň şeýle sergi-ýarmarkalary ähli welaýat merkezlerinde geçiriler.