Ï Ýol hereketiniň howpsuzlygy okuwçylara düşündirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýol hereketiniň howpsuzlygy okuwçylara düşündirilýär

view-icon 937
Ýurduň okuw mekdeplerinde ýol hereketiniň howsuzlygynyň bir aýlygynyň çäklerinde geçirilýän çäreler dowam etdirilýär. Tematiki okuwlar, diktant ýazmak, synp sagatlary, ýaş gözegçileriň bäsleşikleri, wiktorinalar, düşündiriş söhbetdeşlikleri geçirilýär. Bilim, saglygy goraýyş, ýol gözegçiligi edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem BMG-nyň Çagalar gaznasynyň we BMG-nyň ilat gaznasy ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyklar guralýar.


Meselem, Türkmenistanyň IIM Ýol hereketi müdirliginiň gözegçisi Begenç Orazow paýtagtyň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň myhmany boldy. Ol kiçi synplaryň okuwçylaryna bu bir aýlyk üçin taýýarlanan ýörite okuw-türgenleşik meýdançada piýada ýolagçylaryň ýollardaky ýasy belgili çyzyklaryndan hem-de ýollarda goýulýan swetofordan geçmegiň düzgünlerini düşündirdi. Uly synplarda okaýan okuwüylar üçin sapaklar mekdebiň mejlisler zalynda geçirildi. Şol bir wagtyň özünde mekdepde diwar gazetiniň we surat çekmegiň bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşigiň suratlarynyň iň gowylary ekspozisiýalaryň esasyny düzdi.

Bir aýlygy geçirmäge iň ýaş okuwçylara ÝHD boýunça öwredýän programmasy bolan “elektron kömekçiler” – netbuklar kömek edýärler. Okuw synplarynda gurnalan multimediýa enjamy degişli tema boýunça islendik sýužeti görmäge, ýagdaýy bilmäge şert döredýär.


72-nji mekdepde hereket edýän okuw-türgenleşik meýdançlary ýaly meýdançalar ýol hereketine gönüden-göni gatnaşmaga kömek deýär. Olaryň sany barha köpelýär. Bu meýdançalarda diňe bir şu bir aýlygyň çäklerundäki çäreler geçirilmän, eýsem gelejekde hem ýurduň ýaş raýatlarynyň ömrüni we saglygyny goramaga, şeýle hem ýaşlar üçin hökmany okuw sapagy bolan“Ýaşaýşyň esaslary” sapagyny öwrenmäge gönükdirilen okuw daşgary sapaklar guralar. ÝHD boýunça okuwda daşgary sapaklar yzygiderli geçiriler. Ýurduň ähli okuw mekdeplerinde goýulan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan gowy hilli bezelen tematiki diwarlyklar öňüni alyş işlerinde özüniň oňaýly täsirini ýetirer.