Türkmen paýtagtynyň okgunly ösýän künjegi bolan Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda üç ýaşaýyş jaýynyň we 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Ak mermere beslenen jaýlaryň girelgesiniň belent sütünleri granit daşlary bilen örtülipdir. Ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleriň ulanylmagynda gurlan döwrebap binalarda oňaýly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Merkezleşdirilen ýyladyş we sowadyş ulgamy öýlerde ýylyň ähli günlerinde amatly howany üpjün edýär.
Dört gatly üç sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Binalaryň birinji gatynda häzirki zaman söwda merkezleri bar. Täze jaý toýlaryny toýlaýanlary gutlamak üçin, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gelipdir. Şeýle hem dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Binanyň ýanaşyk ýerinde çagalar we sport meýdançalary hem-de dessur çärelerini geçirmek üçin ýörite telär bar. Şeýle hem bu ýerde öý bikeleriniň milli çörekleri bişirip bilmekleri üçin tamdyr gurmaga ýer edilipdir. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlyşdyrylypdyr, ol ýerde bag nahallary oturdylypdyr we ýagyş suwlary akmak üçin akaba ulgamy geçirilpdir.
Şeýle hem şu gün Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda durmuş maksatly binalaryň ýene-de biri, ýagny, iki gatly, 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk äheňinde bezelen mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň öňündäki meýdançada dabara gatnaşyjylary baýramçylyk lybasyny geýnen körpeler uly hormat bilen garşyladylar. Olar aýdym-sazlary ýerine ýetirip, dürli goşgular okap, öz zehinlerini görkezdiler. Körpeleri kompýuter we lingafon otaglarynda goýlan enjamlardan baş çykarýarlar, körpeler gimnastika we aýdym-saz zallarynda meşgullanýarlar. Munuň şeýledigine binanyň otaglaryna aýlanyp gören dabara gatnaşyjylar aýdyň göz ýetirdiler.
Ýokary derejede enjamlaşdyrylan oňaýly okuw we ýatylýan otaglarda ykjam mebeller goýlupdyr. Olar ýyladyşyň häzirki zaman ulgamy esasynda gyzdyrylýar. Körpeleriň beden taýdan sazlaşykly ösüşi üçin bu ýerde ýapyk ýüzüş howuzy hereket edýär. Bu ýerde suw üpjünçiligini, howany ýyladyş we sowadyş ulgamyny merkezleşdirilen tehniki desga amala aşyrýar.
Binanyň göwnejaý abadanlyşdyrylan ýanaşyk ýerlerinde dürli haýwanlaryň şekilleri oturdylypdyr. Bagyň umumy meýdany 4 gektardan gowrak bolup, onda ýapyk telärleriň 8-si ýerleşdirilipdir. Açyk howada oýun we sport bäsleşiklerini geçirmek üçin amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde depejikler, hiňňillikler, ylgaw ýodajyklary bar.
Şu gün Babadaýhan etrap merkezinde 350 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Irden sport mekdebiniň baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen binasynyň ýanynda aýdym-sazlar ýaňlandy, döredijilik toparlary öz ukyplaryny görkezdiler.
Bu dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylar täze okuw-sport mekdebiniň açylmagy bilen gutladylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň çäklerinde sportuň ýokary gazananlarynyň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi üçin şunuň ýaly sport mekdepleri gurulýar. Sport bilen meşgullanyp ugranlar milli Liderimize türkmenistanlylaryň saglygynyň berkidilmegi we ýaş nesilde sporta höwesiň artdyrylmagy babatdaky bu atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Iki gatly binada sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen jaýlar bar. Umuman alanyňda, geljekki sport ussatlary mekdebiň sport bölümleriniň 12-sinde türgenleşik geçerler. Ol ýerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe jaýlar, göreş boýunça zallaryň ikisi we boks boýunça türgenleşmek üçin bir zal bar. Galyberse-de, köp ugurly uly sport zaly bar, şol ýerde basketbol, woleýbol we sportuň beýleki görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmek bolar.
Üsti açyk meýdanda woleýbol oýnalýan meýdança, tennis kortlarynyň ikisi, ylgaw ýodalary we emeli örtükli futbol meýdançasy ýerleşýär. Sport mekdebini bina eden ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň has tapawutlanan işgärlerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
29-njy sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň buýurmasy esasynda iki sany üç gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilen güni mynasybetli gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna ministrligiň köp sanly işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
72 maşgala üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we maşgalalary üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, häzirki zaman, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryyň yzygiderli gurulmagy ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uly aladasy bilen bina edilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna we halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, ol ýerde çagalar we sport meýdançalary döredilipdir.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, dabara bu ýere ýygnananlaryň gatnaşmagynda täze öýleriň enjamlaşdyrylyşy, olaryň otaglarynyň ýerleşdirilişi bilen tanyşlyk dowam etdi.
Häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk derejede bina edilen öýlerde ähli amatlyklar üpjün edilipdir. Olarda bagtyyar ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertler bar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň göwnejaý gulluk etmekleri üçin bolşy ýaly, olaryň göwnejaý dynç almaklary we ýaşaýyş şertleriň gowulandyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalar özleri barada alada edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

* * *