Ï Ýaşuly nesli hormatlamak – türkmen döwletiniň syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşuly nesli hormatlamak – türkmen döwletiniň syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri

view-icon 1813
Şu gün tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda Ýaşulularyň halkara güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda bu gün şanly seneleriň milli sanawyna girizildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryna dolulygyna laýyk gelýär, şol syýasat bolsa türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklaryna we köpasyrlyk parasatly däp-dessurlaryna esaslanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol ýörelgeleriň biri, ýagny ýaşuly nesle sarpa goýmak we olary çuňňur hormatlamak mynasyp derejede dowam etdirilýär. Häzirki wagtda olaryň durmuşda we zähmetde toplan baý tejribesi ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek işinde, şeýle hem Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak boýunça wezipeleri berjaý etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet syýasatyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sala salmak halk demokratiýasynyň we däp-dessurlarynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri muňa eýerýär hem-de täze taryhy eýý amda bu ýörelge döwrebap ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň gadymy parasatly däp-dessurlaryna eýerip, strategiki çözgütler işlenip taýýarlanan mahalynda watandaşlarymyzyň arasynda uly at-abraýa eýe bolan hormatly aksakallar bilen maslahatlaşýar, her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hem muňa degerli ýardam berýär.

Ýeri gelende aýtsak, şeýle maslahatlary geçirmek türkmen halkynyň ýaşuly nesle aýratyn sarpa goýýandygyny aýdyň görkezýän mysallaryň biri bolmak bilen çäklenmän, halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrýan milli demokratiýanyň, halkymyzyň gadymy we asylly ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar, şonda jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleler halk bilen bilelikde, hormatly ýaşulularyň maslahatyna görä çözülýär, şonda dogry çözgütler kabul edilýär. Şu ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda Daşoguzda geçiriler, munuň özi jemgyýetimiziň we döwletiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe demokratiýanyň, milli jebisligi we agzybirligi pugtalandyrmagyň ýoly bilen mundan beýläk-de täze sepgitlere ýetmeginiň beýanyna öwrüler.

Taryhyň sahypalary hem-de türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri we ýaşululara, şeýle hem parasatly halypalara we mugallymlara çuňňur hormat bilen garaýan halkymyzyň arasynda nesilden-nesle geçýän pähimli atalar sözi ýaşululara uly hormat goýulýandygyna hem-de jemgyýetde olaryň mynasyp orunda durýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda türkmen döwleti ýaşuly raýatlar barada alada edilmegine aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi ugur edinilip, döwlet tarapyndan ýurdumyzda ýaşuly nesil barada alada edilmegine, olaryň durmuş taýdan goralmagyna aýratyn üns berilýär. Muňa mysal edip, kanunçylyk-kadalaşdyryjy namalaryň birnäçesini, şol sanda “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kodeksini görkezmek bolar. Bularda pensionerleriň, uruş we zähmet weteranlarynyň durmuş taýdan goralmagyna we olara goldaw berilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy. Her ýylda ýurdumyzda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylýar.

Döwlet tarapyndan weteranlar barada ýadawsyz alada edilip, olara dürli hukuklar we ýeňillikler berilýär. 1941-1945-nji ýyllardaky urşa gatnaşanlaryň dermanlary we protez-ortopediýa önümlerini muzdsuz almaga, şypahanalarda öz saglygyny muzdsuz bejertmäge hukugy bardyr. Ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç bolan weteranlara ýeňillikli esasda ýaşaýyş jaýlary berilýär, olara telefonlar muzdsuz oturdylýar. Olaryň islegi boýunça ýylda bir gezek demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda muzdsuz gidip gelmäge mümkinçilik döredilýär. Şeýle hem olar şäherde ýolagçy gatnadýan ulagdan muzdsuz peýdalanýarlar.

Paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaşululara we maýyplara muzdsuz döwlet lukmançylyk we durmuş taýdan kömek berýän ýörite merkezler hereket edýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşulular aýratyn alada bilen gurşalandyr, olar jemgyýetiň durmuşyna, döwlet derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýarlar, täze başlangyçlaryň ählisi ýaşulular tarapyndan oňlanylýar. Milli Liderimiziň welaýatlara iş saparlarynyň barşynda, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň öňüsyrasynda ýaşulular bilen söhbetdeş bolmagy ýaşuly nesliň döwletiň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna we mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilip, ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler baradaky oý-pikirlerine döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň görkezýän mysal bolup durýar. Şeýle hem möhüm ähmiýetli oba hojalyk çäreleri, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň haýyşy boýunça hormatly ýaşulular möhüm oba hojalyk işlerine bu işleriň başlanmagyna ak pata berýärler. Biziň parasatly aksakallarymyzyň bellemegine görä, adam we toprak biri-birine bagly düşünjelerdir hem-de diňe şular utgaşdyrylanda degerli netije gazanmak bolar. Ata-babalarymyzyň ak bugdaýyň tohumyny döretmegi tutuş adamzat üçin ajaýyp netijä öwrülip, türkmen halkynyň zehinini we zähmetsöýerligini äşgär etdi. Ata-babalarymyz topraga hut şunuň ýaly garamagy wesýet edipdirler. Häzirki wagtda bolsa aksakallar ak pata bermek arkaly, ene topragyň hasyllylygyny artdyrýan daýhanlaryň göwünlerini ganatlandyrýar.

Ýaşulularyň halkara gününde öz enelerimize we atalarymyza jemgyýetiň bähbidine köp ýyllap zähmet çekendigi üçin hormatlamaga, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine uly goşant goşandygyny bellemäge mümkinçilik döreýär.

Bu günki gün biz ýaşuly adamlara hoşallyk sözlerini aýdýarys, olar öz işleri we parasatly öwüt-nesihatlary bilen, ýurdumyzyň rowaçlanmagyna önjeýli goşant goşýarlar, türkmenistanlylaryň ýaş neslini watançylyga, zähmetsöýerlige hem-de ata Watanymyzyň häzirki döwri we geljegi üçin belent jogapkärçilige mahsus ýörelgelere görä terbiýeleýärler.