Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda paýtagtymyzyyň demirgazyk künjeginde ýerlýşän Sport-ulag merkezinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilen biraýlygyň ýapylyş dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, güýz paslynyň ilkinji aýy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň toplumyna beslendi. Onuň barşynda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki umumybilim berýän mekdeplerde we beýleki ýerlerde “Çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmegiň usullary” ady bilen dürli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan mekdep burçlary, diwarlyklary we orta mekdepleriň binýadynda maksatnamalaýyn okuw-türgenleşik meýdançalaryny gurnamak boýunça uly işler geçirildi.
Ine, bu gün bolsa tutuşlygyna netijeli çärelere beslenen biraýlyk jemlendi. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baş şertini alamatlandyrýan biraýlygyň jemleýji güni baýramçylyk çärelerine beslendi. Bu gün merkeziň çägindäki ýörite guralan meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler mnistriliginiň aýdym-saz toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Merkeziň aýdym-saz meýdançasy baýramçylyk äheňinde bezelipdr. Oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary täze taryhy eýýamyň belent owazly aýdymlary bilen utgaşyp, bu günki çäräniň dabarasyny has-da artdyrýar. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň barşynda ýörite tans toparlarynyň taýýarlan kompozisiýalary, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary bu ýerde guralan konserte özboluşly öwüşgin çaýýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda raýatlaryň, hususan-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşy, olaryň döwrebap bilim almagy ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler ilatymyzyň, ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň ýokary aň-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly we watansöýüji bolmaklaryny şertlendirýär. Munuň özi bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasynda has-da giňden beýan edildi.
Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän asylly işler, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, nesillerimiziň bagtyýarlygy we halkymyzyň gazanýan beýik üstünlikleri wasp edildi. Belent ruha beslenen aýdym-sazlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň synmaz senasyna öwrüldi.
Aýdym-sazly çykyşlaryň barşynda ýurdumyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek raýatlarymyzyň abadançylygy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almagy, olaryň sazlaşykly ösüşi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentmize alkyş sözleri ýaňlandy.
Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen biraýlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýan belent owazly aýdym-sazlar, tanslar giç agşama çenli dowam etdi.