Paýtagtda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşygynyň guramagynda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň merkezi geňeşiniň häzirki agzalyk şahadatnamalaryny we bellige alyş kartoçkalaryny täze şahadatnamalara çalyşmak baradaky Merkezi geňeşiň şu ýylyň awgust aýynda kabul eden kararynyň ýerine ýetirilşine bagyşlandy. Bu başlangyç iri jemgyýetçilik guramasynyň işini kämilleşdirmäge, ýeňilleşdirilen ýollanmalaryň üpjün ediliş ulgamyny düzgünleşdirmäge, maddy köňmekleriň bölünip berilmegine, çagalary täze ýyl sowgatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlan kärdeşler arkalaşygynyň şahadatnamalryny çalyşmak işleri 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli dowam eder. Şol wagta çenli köne şahadatnamalaryň güýji bardyr. Maslahatda lukmançylyk edaralarynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň otuzdan gowragynyň özüne birleşdirýän saglygy goraýyş işgärleriniň uly toparyna täze şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Umumylykda, bu jemgyýetçilik guramasynyň bäş müňden gowrak agzalary kärdeşler arkalaşygynyň täze nusgadaky şahadatnamalarynyň eýeleri boldular.
Saglygy goraýyş ulgamynyň kärdeşler arkalaşygynyň pudaklaýyn başlygy Mamajan Garlyýewanyň belleýşi ýaly, kärdeşler arkalaşynyň köne şahadatnamalaryny täzä çalyşmak işleri her günde paýtagtda we welaýatlarda geçirilýär. Özi hem bu çäre kärdeşler arkalaşygynyň pudaklaýyn guramalarynyň ählisinde bir wagtda geçirilýär.