Ï Watanymyzyň welaýatlarynda baýramçylygyň öňýanyndaky täze binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda baýramçylygyň öňýanyndaky täze binagärlik açylyşlary

view-icon 709
Şu gün Daşoguz welaýatynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllygy mynasybetli binagärlik açylyşlaryň birbada ikisi - Gubadag etrabynda Medeniýet öýüniň hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda sport toplumynyň açylyş dabaralary boly.

Bu täze binalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady durmuşynda oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol özgermeleriň many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň" çäklerinde bina edilen durmuş ähmiýetli täze desgalaryň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.Dürli reňkli baýramçylyk nyşanlary, çeper höwesjeňleriň joşgunly aýdymdyr sazlary we türgenleriň ajaýyp çykyşlary wakalara aýratyn dabara we öwüşgin çaýdy. Işde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde täze Medeniýet öýüni ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabaranyň barşynda çykyş edenler biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen medeniýet ulgamynyň özgerdilmegi halkyň ruhy baýlygyny artdyrmaga, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge ýardam edýär diýip bellediler.

Şäherçäniň merkezi böleginde ýerleşýän täze desga ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Bu ýerde çeper höwesjeň artistleriň döredijilik mümkinçiliklerini açmak hem-de ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny kämilleşdirmek, dabaraly medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Täze desga sahnaly esasy zaldan başga-da, konsert we sahna işleriniň dürli görnüşleri, döredijilik gurnaklary, şol sanda neçjarçylyk ussahanasy üçin köpsanly otaglara eýedir. Şu gün esasy zalyň sahnasyna ýerli çeper höwesjeň artistler konsert maksatnamasy bilen çykdylar. Bu ýerde şeýle hem teatr toparynyň, tansçylaryň, aýdymçylaryň, sazandalaryň taýýarlyk görmegi üçin otaglar, bezeg otagy, kitaphana, dürli studiýalar hem göz öňünde tutulypdyr, olaryň arasynda şekillendiriş döredijiligi studiýasy we beýlekiler bar.

Medeniýet öýüniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi. Onda çagalar üçin we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Täze desga bökdençsiz işlemek üçin özbaşdak ulgamlara hem eýedir.

Häzirki wagtda Gubadag etrabynda şunuň ýaly Medeniýet öýleriň gurluşygy “Baýdak” we “Amyderýa” geňeşliklerinde hem ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Şu gün Sararmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “Goşahowly” geňeşliginiň Arzuw obasynda bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadionly täze sport desgasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Täze sport toplumynda stadiondan başga-da, tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol üçin açyk meýdançalar, awtoduralga we ýylylygyň, suwuň we elektrik energiýanyň özbaşdak berilmegini üpjün edýän tehniki maksatly binalar toplumy bar. Toplumyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi.

Täze desgada myhmanhana, lukmançylyk nokady, eminler üçin otag, okuw otagy, suwa düşülýän otaglar, işgärler üçin iş otaglary we uly bolmadyk naharhana bar. Şeýlelikde, bu ýerde dürli derejedäki sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de saglyk üçin sport we sagaldyş bölümlerinde türgenleşmek üçin ähli şertler döredildi.

Täze sport desgasy şu etrapda soňky ýyllarda gurlan şunuň ýaly toplumlaryň hasap boýunça ikinjisi boldy. Ozal bu ýerde 365 orunlyk täze sport mekdebi gurlup, ulanmaga berildi, şeýle hem 500 tomaşaçy orunlyk stadionyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda doly durky täzelendi.