Ï Bitewlilik we jebislik – ýurduň gülläp ösmeginiň girewidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bitewlilik we jebislik – ýurduň gülläp ösmeginiň girewidir

view-icon 830
Daşoguzda Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär. Öňde duran umumy milli maslahatda döwlet durmuşynyň gaýragoýulmasyz meseleleri, Türkmen döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, milli durmuş-ykdysady maksatnamalarnyny amala aşyrmak, golaý geljegiň ugurlary we täze gözýetimleri ara alnyp maslahatlaşylar.

“Mälim bolşy ýaly, möhüm meseleleriň ählisini ara alyp maslahatlaşmak, baý durmuş tejribesini toplan hem-de uly hormatdan peýdalanýan öz watandaşlaryny diňlemek türkmen halkynyň arasynda asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Häzirki täze taryhy eýýamda hem, bu hakyky demokratik däp-dessurlar häzirki zaman Türkmen döwletiniň durmuşynda we jemgyýetinde mynasyp orny eýeleýär. Bu günki gün biziň ýaşuly neslimiz ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýar, ýaş nesli watany söýji, zähmet we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge, türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan iri göwrümli özgertmelere özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar” diýip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Milli lideriň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdan bu sözleri biziň ýaşuly neslimize uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly ýaşulylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şaher we etrap komitetleriniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen kärhanalaryň zähmet kollektiwlerinde, döwlet edaralarynda, daýhan birleşiklerinde, geňeşliklerde, okuw mekdeplerinde bileleikde geçirýän duşuşyklaryna we beýleki çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar.

Şeýle hem ýaşulylar beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde döwletiň baş baýramyny – Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasibetli giňden ýaýbaňlandyrylan çärelere gatnaşýarlar. Ýaşuly nesil – Türkmen oba hojalyk institutynda, hünär okuw mekdeplerinde, umumy bilim berýän mekdeplerde, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar edaralarynda, sport mekdeplerinde “tegelek stoluň” başynda geçirilýän tematiki duşuşyklarda we gyzykly söhbetdeşliklerde hormatly myhman we gyzykly söhbetdeşler hökmünde çykyş edýärler.

Jengyýetçilik, şäher we oba ilaty bilen geçirilýän duşuşyklarda welaýat, şäher we etrap partiýa guramalarynyň wekilleri we ýaşulylar esasy ünsi Türkmen döwletini öňdäki orunlara çykarmaga, halkyň durmuşynyň we abadançylygynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri göwrümli özgertmeleriň manysyna berýär. Ýurduň demirgazyk sebtiniň durmuş gurluşyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Meselem, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Gaýrat” oba geňeşliginiň Jemşit obasynda 200 tomaşaça niýetlenen täze Medeniýet öýi guruldy. Şele hem şunuň ýaly Medeniýet öýleri “Altyn ýol”, “Şatlyk” geňeşliklerinde we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde döredilýän täze şäherçäniň çäklerinde, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyö we Gubadag etrabynyň adminstratiw merkezlerinde gurulýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Könerürgenç,, Gubadag we Akdepe etraplarynyň obalarynda orta bilim berýän mekdepleriň üçüsi ulanylmaga berildi. Täze oba sport mekdepleri gurulýar. Täze okuw ýylynda welaýat maliýe-ykdysadyt orta hünär mekdebi öz gapylaryny giňden açdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň sebitlerinde ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgetmek baradaky milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäklerinde täze häzirki zaman şaherçesiniň we S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşlikde häzirki zaman ilatly ýeriň gurluşygy alnyp barylýar. Täze iri gurluşyklaryň birnäçesinde – gaýragoýulmasy tiz kömegiň merkeziniň, welaýatyň täze kitaphanasynyň, Daşoguzda 350 orunlyk myhmanhananyň , Gurbansoltan eje etrabynda “Daşoguz” şypahanasynyň täze binasynyň we beýleki gurluşyk desgalarynda gurluşyk işleri barha gyzyşýar.

Şu ýylyň fewral aýynda Görogly etrabynda ýylda önümçilik kuwwatlylygy 50 müň tonna bolan bir wagtyň özünde 50 müň tonna dänäni saklaýan elewatorly çörek önümleri kärhanasy ulanylmaga berildi. Gaýtadan işleýji täze kärhananyň işlemegi ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi boýunça möhüm umumydöwlet meselesini üstünlikli amala aşyrmaga, ýokary hilli önümler bilen sarp ediş bazaryny üpjün etmäge şert döredýär. Köneürgenç etrabynda ýylda 6000 tonna pagta ýüplügini öndürmek boýunça pagta arassalaýjy kärhananyň we tohumluk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kuwwatlylygy kyrk müň tonna bolan pagat arassalaýjy täze kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Görogly we Akdepe etraplarynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda täze önümçilik sehleri gurulýar. Daşoguzda zyýansyzlandyrylan sargy önümlerini öndürmek boýunça kärhananyň gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýän welaýat merkeziniň keşbi soňky ýyllarda täze görnüşe eýe bolýar. “bagt köşgüni”, ähli amatlyklary bolan köp öýli täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanyşa tabşyrmaga taýýarlyk görülýär.