Ï Biodürliligi saklap galmak boýunça ýörelgeleri işläp taýýarlamaga badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Biodürliligi saklap galmak boýunça ýörelgeleri işläp taýýarlamaga badalga berildi

view-icon 1698
“Grand Türkmen” myhmanasynyň täjirçilik merkezinde Türkmenistanyň biodürlilik boýunça ýörelgeleriniň we meýilnamlarynyň hereketini işläp taýýarlamak boýunça edarara iş toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk Tebigaty Goramak ministrliginiň, BMG-nyň Türkmenistan boýunça Ösüş maksatnamasynyň we Global ekologiki gaznasynyň (GEG) “Biodürlilik boýunça Konwensiýasynyň ýerine ýetirilişini goldamakda biodütliligiň milli meýilnamalaşdyrylyşy. Türkmenistanda 2013-nji-2020-nji ýyllarda hereket etmegiň strategiki meýilnamasy” atly bilelikdäki taslamasynyň goldamagynda geçirildi.

Taslamany amala aşyrmaga şu ýylyň iýul aýynda badalga berildi we bu 2015-nji ýylyň dekabr aýyna çenli dowam eder. Biodürliligi saklap galmak boýunça strategiýany işläp taýýarlamagyň iş toparyna Tebigaty goramak, Nebit we gaz, Oba hojalyk, Suw hojalygy, Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we Strategiki meýilnamaldyryş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleri girdi. Biziň ýurdumyzyň 1996-nji ýylda ratifisirlän biodütlilik boýunça Konwensiýasynyň borçnamlaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamasyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak - taslamanyň baş maksady bolup durýar.

Öňdebaryjy iş tejribesi göz öňünde tutular, Türkmenistanda ekohyzmatynyň möçberine we gymmatyna baha bermek ýaly täze aspektler öwreniler we durmuşa ornaşdyrylar, howanyň üýtgemegi bilen bagly biodürliligiň gowşak taraplarynyň meselelri, milli ykdysadyýetiň önümçilik bölegini dolandyrmakda tebigaty goraýyş çärelerini integrasiýa etmegiň mümkinçilikleri öwreniler.

Bu iş topary Türkmenistanda biodürlilik barada Konwensiýanyň durmuşa geçirilişi barada nobatdaky hasabatyň taýýarlanyşyny sazlaşdyrmaly bolar. Häzirki güne çenli bu Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi boýunça milli habarnamalaryň dördüsi taýýarlanyldy. Bu taslama öň başlanan işleri dowam etdirmäge we 2015-nji ýylyň ikinji ýarymynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan nobatdaky bäşinji milli habarnamany taýýarlamak üçin platformany taýýarlamaga gönükdirilendir.