Şu gün gadymy türkmen topragyna dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan nurana Gurban baýramy geldi.
Köp asyrlyk asylly däbe laýyklykda, gurbanlygyň birinji gününde köpçülikleýin Baýram namazy okalýar. Ýurdumyzyň ähli metjitlerinde ir bilen okalýan bu namaz agzybirligiň we bitewüligiň, türkmen halkynyň gadymy beýik ruhy gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlygynyň özboluşly nyşany bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda asylly däbe görä, bitewi we agzybir türkmen halky mähirliligi, hoşniýetliligi we belent ruhy alamatlandyrýan Gurban baýramyny bir maşgala bolup garşylaýar.
Döwlet Baştutanymyz täze taryhy eýýamda halkymyzyň durmuşynda Gurban baýramy öz mynasyp ornuny eýeleýär we ruhy tämizligiň, päk ynanjyň, ýokary ynsanperwerligiň senasyna öwrülip, milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda döwlet derejesinde üç günüň dowamynda giňden bellenilýär diýip nygtaýar. Mundan başga-da, milli Liderimiziň belleýişi ýaly, bu baýram biziň açyklygy, dostanalygy, kalby tämizligi we jomartlygy bilen tanalýan parahatçylyksöýüji halkymyzyň ruh-ahlak däpleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagyna ýardam eder.
Gurban baýramy mynasybetli ýörite medeni maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň seýilgählerinde, medeniýet we dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Baýramyň esasynda şanly bolan belent başly hiňňildikleriň ýany hemişe köp adamly. Olar biziň halkymyzda Gurban baýramynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Bu nurana dessur baýramçylyga özboluşly milli öwüşgün çaýýar. Il içinde belent hiňňildiklerde bat bilen uçmak arkaly adamlar öz günälerinden arassalanýarlar diýen yrym bar.
Hiňňildikleriň ýanynda guralan ýörite sahnalarda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, falklor we tans toparlary ýörite konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Adamlaryň ýüzlerinde şatlyk alamatlary uçganaklaýar. Olaryň bu günlerde parahatçylygyň we abadançylynyň höküm sürýän Watanyna bolan buýsançlarynyň çägi ýok.
Adamlar dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny myhmançylyga çagyrýarlar we olara barýarlar. Gurban baýramynda bereketli desterhanlar giňden ýazylyp, olarda dürli tagamlar goýlup, gelenlere hödür edilýär. Adamlaryň hemmesi birek-birege “Gurbanlygyňyz kabul bolsun!” diýip ýüzlenýärler. Türkmen halkynyň belent ahlak ýörelgeliriniň sazlaşygy emele egitrýän mukaddes Gurban baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hoşniýetlilik, mähirlilik we ynsanperwerlik ýaly durmuşyň ruhy esaslarynyň tassyklanmasy bolup durýar. Baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň her bir raýaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm bölegi bolan milletiň ruhy hem-de medeni däplerine aýawly çemeleşilmegi ugrunda yhzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Goý, Beýik Biribar siziň gurbanlygyňyzy we okalan aýat-töwirleriňizi kabul etsin. Kabul bolsun!