Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet guşy” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet guşy” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

view-icon 7057
Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde şanly senäniň--Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze neşiriň, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly romanynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda bolan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, şeýle hem ýazyjylar, öňde boljak Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.


Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar binanyň giň eýwanynda ýaýbaňlanan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Onuň ekspozisiýasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan kitaplar, ylmy monografiýalar, düýpli köpjiltli işler girdi. Diwarlyklaryň birinde türkmen Lideriniň täze kitabyndan materiallar, şol sanda fotosuratlar we ondan alnan setirler hödürlendi. Bu ýere ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň üstünliklerini görkezýän köp sanly neşirler bilen tanşyp bildiler, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda ýaýbaňlanan, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan giň möçberli özgertmeler netijesinde mümkin boldy. Daşoguz welaýat Taryh-ülkäni öwreniş muzeýi onuň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklary hödürledi. Bu ýerde halk bagşylarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary hem gurnaldy.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda bellenip geçilişi ýaly, “Döwlet guşy” romany Türkmen döwletiniň Baştutanynyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly hakynda gürrüň berýär, onuň çagalyk ýyllary ýowuz 1941-1945-nji ýyllarda geçdi. Kitabyň girişinde milli Liderimiz okyjylara ýüzlenip şeýle ýazýar: “Eliňizdäki “Döwlet guşy” atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary—çagalyk ýyllaryndan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nyşany bolup, kalbyňy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr”.

Kitabyň esasyny durmuşdaky anyk wakalar we olar hakyndaky oýlanmalar düzýär. Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde oňa hemişe kakasy Mälikguly Berdimuhamedow kömek edýär, onuň bilen hormatly Prezidentimiz hoşniýetli halypa hökmünde hemişe geňeşýär. Romanda ýazylyp beýan edilen durmuş ýoly türkmen Lideriniň kakasynyň çagalygynyň bir ýarym ýylyny gurşap alýar, şonda ýaş Mälikguly Berdimuhamet Annaýew urşa gidenden soň maşgalanyň garamatyny iner ýüküni gerdenine alýar we bu ýüki şirin janyna döz gelip, goluny gowşurman zähmet çekdi, oba adamlaryna kömek berdi.

Adamyň başyna düşen çylşyrymlyklar ony gahrymana öwürýär. Şol agyr ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň mähriban kakasynyň başyna düşen wakalar, onuň uly hyzmatlary, gaýduwsyzlygy uly gahrymançylykdyr. Wagtyndan ir kämilleşmegi, Watanymyza we halkymyza mukaddes söýgüsi, her günki işi, belent ruhubelentligi hakyndaky, türkmen halkynyň milli däpler we adatlary ahlak hem-de etiki gymmatlyklary hakyndaky Mälikguly aganyň şol agyr we ýuwuz kyrkynjy ýyllar hakyndaky söhbetleri Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow üçin mertligiň we kämilligiň mekdebi boldy. Milli Liderimiziň öz kitabynda nygtaýşy ýaly: “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn... Mähriban kyblamyň ömür ýoly—maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim”.

Döwlet Baştutanymyz bu kitabyň üstünde heniz çagalygyndan işläp başlady we ony bütin ömrüniň dowamynda ýazdy. Girişde bellenip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz çagalyk ýyllaryndan başlap öz kakasynyň durmuş ýoly hakynda gyzykly giň pikirli gürrüňleri mekdep depderine ýazdy. Hormatly Prezidentimiziň kakasynyň we atasynyň kynçylyklary geçen edermenligi türkmen Lideri üçin edermenligiň, durnuklylygyň, durmuşa bolan mizemez söýgüniň, belent ruhubelentligiň nusgasy boldy, munuň özi her bir çylşyrymly ýagdaýda milli Liderimizi goldady.

Täze çeper eseriň ýordumy resminamalaýyn materiallaryň esasynda guralandyr. Roman ýokary poeziýa we filosofiki çuňluk bilen ýazylandyr. Awtoryň beýan etmesiniň özüne çekiji ýürekdeş, janly we tolgundyryjy usuly mähriban ülkämizi, adamlary, olaryň urp-adatlaryny we ahlaklaryny, adamynyň adama gatnaşygyny, tebigaty, ata-babalarymyzyň mirasyny beýan edýär. Awtor şol çylşyrymly taryhy döwürde türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň anyk keşbini döretdi, Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşynyň şöhratly bu döwrüni dogruçyl, aýdyň, adatdan daşary özüne çekiji edebi görnüşde ýazyp beýan etdi.

Çykyş edenler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň ähmiýeti hakynda söz açyp, romanda Watanymyza we halkymyza hyzmat etmegiň mukaddes işine wepaly, ahlak taýdan birkemsiz we asylly adamynyň aýdyň ýokary keşbidigini nygtadylar. Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin gaýduwsyz watançylygyň, adaty bolmadyk zähmetsöýerligiň, mertligiň we edermenligiň nusgasy bolup hyzmat edýär, olaryň öňünde Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtynyň hatyrasyna milli Liderimiz Grbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek wezipesi durýar.

Kitapda Mälikguly Berdimuhamedowyň ýowuz kyrkynjy ýyllar hakyndaky goşgulary hem çap edildi.

Türkmen dilinde çapdan çykan neşir mazmunynyň uly maglumatlar göwrümi, çuň umumylaşdyrmak we materialy elýeterli beýan etmek bilen tapawutlanýar ol ýokary çaphana derejesinde ýerine ýetirildi we owadan suratlar bilen bezeldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly täze romany Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan çapdan çykaryldy we giň okyjylar topary üçin niýetlenendir.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Şonda mili Liderimiziň ägirt uly köptaraply işi, şol sanda mähriban halkymyzyň belent ruhy-ahlak däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça işi, türkmenistanlylaryň abadançylygy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň rowaçlanmagy hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, muňa gürrüňsiz suratda milli Liderimiziň täze kitaby ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly nusga hökmünde hyzmat edýär.