Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşine, onuň halkara abraýyny pugtalandyrmaga uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň oňat işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmagyň we hormatly atlary dakmagyň dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda sylaglara hem-de atlara mynasyp bolan watandaşlarymyzy ählumumy agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýynda geçen hormatlamak dabarasy öz ähli tejribesini, bilimini we başarnygyny mähriban halkymyzyň eşretine, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edýän türkmenistanlylaryň ýüzlerçesiniň edermenlikli zähmetine ýokary baha bermegiň beýany boldy. Halal, gaýduwsyz, zehinli işine we Watanymyza wepaly şeýle adamlar hemişe milletimiziň daýanjydyr. Häzirki wagtda dürli kärleriň we hünärleriň iň oňat wekilleriniň yhlasly işi Türkmen döwletiniň iň täze taryhyny, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öňdebaryjy özgertmeleriň üstünligini kesgitleýär hem-de ýaşlar üçin görelde bolup durýar.
Däp boýunça beýik baýramçylygyň--Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän dabaraly çäre ähli raýatlaryň işlemegi, durmuşy we dynç alşy üçin mynasyp şertleri döretmäge, olaryň başlangyçlaryny we hünär taýdan ussatlygyny höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bütin äşgärligi bilen görkezdi. Watanymyza her bir adamyň zähmeti we umumy işe goşandy möhümdir hem-de zerurdyr. Hut şunuň bilen biz hemişe ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmekde ajaýyp üstünlikleri, gazanýarys syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda, medeniýetde, durmuş taýdan ösüşde we abadançylykda täze sepgitleri ýetýäris.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça geçirilen dabaranyň barşynda Watanymyzyň ýokary bahasyna mynasyp bolan zähmetkeşlere şanly sene-- Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygy we sylaglara mynasyp bolmagy bilen mähirli gutlaglar, bagt abadançylyk, ýurdumyzyň hem-de türkmen halkynyň rowaçlanmagynyň bähbidine täze zähmet we döredijilik üstünlikleri baradaky arzuwlar ýaňlandy.
Dabara gatnaşyyjylar öz işlerine berlen ýokary baha üçin, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtly durmuşynyň çekýän ýadawsyz zähmeti üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabaraly çärä gatnaşyjylar milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň milletimiziň agzybirliginiň we jebisligini, jemgyýetimizde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşup, has-da ruhubelentlik bilen zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar.