Ï Edermen Watan goragçylaryna sylaglar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Edermen Watan goragçylaryna sylaglar

view-icon 714
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby we hukuk goraýjy edaralarynda türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 22 ýyllygy mynasybetli harby gullukçylaryň we düzümleriň işgärleriniň birnäçesine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, bu düzümleriň has tapawutlanan wekilleri Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşandy hem-de döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Şeýle hem özygtyýarly Watanymyza, edermen türkmen halkyna çirksiz hem-de wepaly gullugy, mukaddes harby borjy ak ýürek bilen ýerine ýetirişi nazara alnyp, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň bir toparyna harby we ýörite derejeler berildi.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýäjn öňdengörüjilikli we paýhasly içeri we daşary syýasaty häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin uly gyzyklanma döredýän döwlet gurluşynyň milli nusgasyny kemala getirmek bilen çäklenmän, eýsem ol türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna tarap üstünlikli hereket etmegi, ählumumy howpsuzlygyň we sebitiň, tutuş dünýäniň ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy üçin möhüm şert bolup durýan oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň döremegini üpjün etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilip durmuşa geçirýän döwlet syýasaty tutuşlygyna goranyş we parahatçylykly häsiýete eýe bolan harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyk gelýär. Onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeler maksatnamasy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin has oňaýly gulluk we ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegini ugur edinýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edermen pederlerimiziň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam edýän esgerleriň watan söýüjilik ruhunda terbiýelenmegine we ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa edýän atalyk aladasy we yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylar özleriniň mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes harby we raýatlyk borjuny ak ýürek bilen ýerine ýetirjekdiklerine, türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň goragynda berk durup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gaznananlaryny gözüniň göreji deý gorajakdyklaryna ynandyrdylar.