Şu gün türkmen zyýaratçylary Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý edip, ýörite gatnaw bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gaýdyp geldiler.
Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň 188-si musulman baýramy bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda mukaddes Käbä zyýarat etmek we ähli däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenhowaýolary” döwlet milli gullugy tarapyndan guralan ýörite gatnaw bilen Saud Arabystany Patyşalygyna uçdular.
Olar Medinede Muhammet pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, şäheriň meşhur metjitlerine we beýleki mukaddes ýerlerine baryp gördüler. Soňra olar Mekgä geldiler, şol ýerde musulman dünýäsiniň Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddesliklerine hem baryp görüp, haj parzyny berjaý etdiler, şol ýerde togap dessuryny berjaý edip, mukaddes Käbäniň, ýagny Gara daşyň daşyna däp boýunça aýlanmaga gatnaşdylar we beýleki dessurlary berjaý etdiler.
Şeýle hem türkmen zyýaratçylary bütin dünýäniň musulmanlarynyň ruhy paýtagtynda bolan mahaly şäheriň meşhur metjitlerinde aýat-doga okadylar, şol ýerde gudraty güýçli Allatagaladan Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny we milli Liderimiziň baş saglygyny dileg etdiler.
Biziň watandaşlarymyz mähriban topragymyzda uçardan düşüp, her bir musulman üçin mukaddes bolan däpleriň birini - haj parzyny amala aşyrmakda goldaw berendigi we muňa mümkinçilik döredendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny örän şatlyk we tolgunmak bilen beýan etdiler, munuň özi ruhy we medeni däplere aýawly çemeleşmegiň subutnamasydyr. Zyýaratçylar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdiler.