Ï Milli manadymyzyň şanly senesine bagyşlanan täze şaýy pullary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli manadymyzyň şanly senesine bagyşlanan täze şaýy pullary

view-icon 614
Umumymilli şöhratly baýramçylyk-Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna, şeýle hem manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan gymmaty 50 manat bolan ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullary, şonuň ýaly-da, täze şaýy pullaryň toplumy ýurdumyzyň we daşary ýurtly şaýy pullaryny toplaýjylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli walýutanyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi hem-de türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagynyň ýolunda möhüm ädim boldy. Milli walýuta eýe bolmak we maliýe-pul özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti özüniň yzygiderli ösüşi hem-de halkara gatnaşyklary ulgamyna has-da ýakynlaşmagy üçin kuwwatly itergi aldy. Manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkyň hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagynyň esasy gözbaşlarynyň biridir.


Ýadygärlik şaýy pullarynyň ýüz tarapynda, sagynda Türkmenistanyň kartasy şekillendirilipdir. Çep tarapynda iki setirde “1993” we “2013” seneleri, şeýle hem arkasynda pagtaly we bugdaýly meýdanlar şekillendirilen Garaşsyzlyk binasy beýan edilen kompozisiýa ýerleşdirilirdir. Aşaky böleginde bugdaýyň altyn sümmüli we “MILLI MANADA 20 ÝYL” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. Şaýyň ýokarky ýarymaýlaw böleginde gozasyndan açylan pagta şekillendirilipdir.

Şaýy pullaryň arka tarapynda merkezde Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Ýokarky böleginde ýarym aýlaw görnüşde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY”, aşaky böleginde bolsa “ELLI MANAT” diýen ýazgylar ýerleşdirilipdir. Ol ýazgylar biri-birinden sekizburçlyk şekiller arkaly bölünendir. Şaýy puluň arka tarapynda pulyň mähegi /altyn pulda Au – 916,7 we kümüş pulda Ag --925/, şeýle hem olaryň agramy /altyn pulda 39,94 gr., kümüş pulda 28,28 gr./ görkezilendir. Şaýylyklaryň diametri 38,61 mm.


Ýadygärlik şaýy pullary Beýik Britaniýanyň “The Royal Mint Limited” zikgehanasynda ýasaldy. Umumylykda alanyňda, altyn şaýy pullaryň 150-si, kümüş şaýy pullaryň 250-si çykaryldy, goýberiliş mukdary bolsa 50 toplumdyr. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bu sertifikaty altyn we kümüş şaýy pulunyň “pruf” hilini kepillendirýär.

Ýadygärlik şaýy pullary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşler ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwletiniň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň nobatdaky nyşanyna öwrülip, ýurdumyzyň Merkezi bankynyň gymmatly numizmatik toplumlarynyň hataryna girer.