Şu gün Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde gapylaryny giňden açan häzirki zaman oba Saglyk merkezi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Bu durmuş ähmiýetli desgany gurmak işleri ýerli hususy kärhana ynanyldy, onuň ökde hünärmenlerine şu günki dabarada gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Köpugurly merkeziň iki gatly binasy häzirki zaman gurluşyk materiallaryny peýdalanmak bilen özboluşly binagärlik nusgasynda guruldy. Täze desganyň umumy möçberi 6 gektara barabardyr, ol öz möçberi we bitirýän işi boýunça etrabyň iň häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň biri boldy.
Oba Saglyk merkeziniň binasynda müşderiler we hyzmat edýän işgärler üçin has oňaýly şertler döredildi. Bu ýerde müşderilere lukmançylyk hyzmatlarynyň giň topary, şol sanda maslahat beriş we keselleri anyklaýyş hyzmatlary hödürlener. Merkezde rentgen, terapiýa, fizioterapiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, ginekologiýa otaglary, şeýle hem UZI we EKG, maşgala lukmanlarynyň otaglary, çaga dogrulyş palatalary, barlaghanalar we gündizki stasionar bar. Ähli otaglar dünýäniň esasy lukmançylyk tehnikasyny öndürijilerden getirilen iň häzirki zaman enjamlary we abzallary bilen üpjün edilendir, munuň özi oba lukmanlaryna ilata hyzmat etmegi ýokary talaplaryň derejesinde guramaga mümkinçilik berer.
Saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar—welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň saglygy, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmek hakyndaky yzygiderli edýän aladasy häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Öz aýdymlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini joşgunly wasp eden döredijilik toparlarynyň hoş owazly çykyşlary hem milli Liderimize hoşallyk bildirmegiň beýany boldy.