Ï Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

view-icon 705
Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüme – bäşinji çagyrylyş Mejlisiň deputatlarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň alnyp barylýar. Öň habar berlişi ýaly, ýurdumyzda saýlaw okruglaryň 125-si döredildi, ýerlerde okrug saýlaw toparlary işleýär, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin tälim beriji seminarlar geçirildi. 15-nji dekabra bellenen çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda täze täsirli çäre bolar.

Ýurdumyzda ulanylýan kanunçylyga laýyklykda, häzirki wagtda milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Hemme ýerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýerli komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň, şeýle hem raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň gün tertibinde kanunçylyk häkimiýetiniň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak has mynasyp dalaşgärleri ara alyp maslahatlaşmak bar. Dalaşgärleriň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet we ylym ulgamlarynyň işgärleri, oba hojalyk zähmetkeşleri we başgalar bar.

Giň möçberde bäsleşik, aýanlyk we açyklyk saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň kesgitleýji ýörelgeleridir. Parlamentiň deputaty bolmak hukugyna watandaşlarymyzyň hormatdan hem-de ynamdan peýdalanýan iň mynasyp, ak ýürekli, Watanymyzyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutýan Türkmenistanyň raýatlary saýlanar. Täze çagyrylyşdaky Mejlisiň öňünde kanunçykaryjylyk işi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toparyny çözmek wezipesi durýar, onuň esasy maksady Türkmenistanyň mundan beýläk-de üstünlikli syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşi üçin ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekden ybaratdyr.

15-nji dekabrda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünligi ösüş we innowasiýalar ýoly bilen täze ägirt uly üstünliklere tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň häzirki çalt ösüşini hem höweslendirdi.

Bu babatda öňde boljak saýlawlar we milli parlamente dalaşgärleri hödürlemek boýunça dowam edýän möwsüm häzirki zaman türkmen döwletinde we jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dolanuwsyzlygynyň aýdyň şaýatnamasydyr. Häzirki wagtda hil taýdan täze mazmuna eýe bolýan we baýlaşýan bu ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mejlisiň deputatlygyna nobatdaky saýlawlar ýurdumyz üçin Türkmenistanyň döwlet özbaşdaklygynyň we demokratik gözbaşlarynyň esaslaryny has-da pugtalandyrjak örän möhüm wakadyr.