Mary welaýatynda häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezi gurlar. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde gowy hilli dynç almaklary üçin, beden týdan berk, sagdyn, bilimli ýaş nesli terbilemäge degişli ähli şertler dörediler.
Türkmenistanyň Prezidenti şu günki geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary etrabynda 300 orunluk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek, ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp hem-de lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmak barada “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Resminama bilen gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak hem-de ony 2015-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi