Ï ÝRWI öňüni almak üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝRWI öňüni almak üçin

view-icon 854
Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit edarasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda gripiň we ýiti respirator wirus infeksiýalarynyň (ÝRWI) öňüni almak boýunça iki günlük sektoralara maslahaty geçirildi. Bu maslahata dürli edaralaryň hünärmenleri gatnaşdy. Maslahata BSGG bilermeni Diana Gross gatnaşdy.

Maslahatda häzirki ýagdaýa, umumy epidemiologiýa gözegçiliginiň guralşyna, ýokanç keseller ýaýran halatynda oňa milli ulgamyň garaýyş işine garalyp geçildi. Täze maglumatlar we guş dümewi A (H7N9) we beýleki ýiti respirator infeksiýalary ýaýranda dürli gulluklar tarapyndan gerek bolan çäreleriň görülmegi beýan edildi. Mundan hem başga, “ýakyn gündogar respirator sindromy” diýen ady alan täze koronawirus boýunça maglumatlar türkmen hünärmenleriniň dykgatyna ýetirildi. Keseliň kliniki ýüze çykmasy antipiç pnewmoniýanyň alamatlary bilen meňzeşdir. Täze wirusyň keselhana şertlerinde ýeňillik bilen geçýändigini nazara almak bilen, lukmanlaryň şahsy gigiýenasyna aýratyn üns berildi.

Bilermen Diana Grosyň habar berşi ýaly, düzüminde BSGG ähli sebitlerinden halkara bilermenleri bolan Adatdan daşary Komitet ýagdaýa baha bermäge gönükdirilen alynan maglumatlar we çemeleşmeler esasynda halkara ähmiýetli bolan jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek üçin ýagdaýlar häzirki wagtda ýok diýen netijä geldi.

Maslahata gatnaşyjylar üçin täze guş dümewi A (H7N9) bilen bagly ýagdaýlara üns bermek boýunça türgenleşikler geçirildi. Bu türgenleşikleriň çözgüdine BSGG bilermeni tarapyndan ýokary baha berildi. Şeýle çäreler sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşdyrylýan saglygy goraýyş we beýleki edaralaryň mili ulgamynyň hünärmenleri üçin yzygiderli geçirilýär.