Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça geçirilen maslahata hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleri, ýurdumyzyň telekeçileri we daşary ýurt işewürleri, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde tanyşdyryş dabarasy boldy, onuň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, awtomobil köprülerini we estakadaly ýollary gurmak bilen baglanyşykly taslamalar, şeýle hem degişli desgalaryň, çatryklaryň we ugurdaş desgalaryň ýerleşişiniň çyzgylar bilen jikme-jik tanyşdy. Umuman, paýtagtymyzda jemi uzynlygy 59 kilometrden gowrak bolan ýollaryň 12-sini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar, bu ýerde 18 sany köprüni, pyýadalar üçin 39 sany ýerasty geçelgäni gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýerüsti geçelgeleriň 15-si gurlar. Şunda toplumlaýyn işleriň çäklerinde inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumatlar tablolaryny, LED-monitorlary we beýlekileri gurnamak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi ulaglaryň gatnawlarynyň sazlaşdyrylmagyna hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýollarda hereket howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegine hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tanyşdyryş dabarasynyň barşynda öňe süren wezipeleriniň iş ýüzünde çözülmegine aýratyn üns berdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen paýtagtyny toplumlaýyn ösdürmek, şäher düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti hem-de oňat dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek meseleleri hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Bu ulgama innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň iň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugur görkezijisidir. Uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, paýtagtymyzyň döwrebap ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek maksadynda ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bu maksatnamanyň wajyp ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ýörelgeleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryna girizilendigi aýratyn bellenildi. Türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler hem munuň aýdyň subutnamasydyp.
Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, çäreleriň toplumlaýyn ulgamyny hem-de degişli meýilnamany işläp taýýarlamagyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly işleriň ählisiniň sazlaşykly, ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi baradaky meselelere aýratyn üns berdiler. Şunda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgretmeler maksatnamalarynyň özboluşly täze pikirleri iş ýüzünde işjeň amala aşyrmak, ýol gurluşygy hem-de düzümleýin desgalary gurmak ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasion inženerçilik işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.
Öz nobatynda, munuň özi degişli taslamalary taýýarlamaga düýpli, oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşmegiň zerurlygyny şertlendirýär. Şol taslamalarda desgalaryň wezipesinden we maksadyndan, olaryň ulanyş aýratynlygyndan başlap, bezeg we ekologiýa meselelerine çenli ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalamak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bu jogapkärli işe degişli ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlaryny hem-de zehinli talyplaryny çekmegiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi geljekki ýaş hünärmenler we olaryň halypalary tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Düýn geçirilen tanyşdyryş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady adamlaryň, jemgyýetiň, her bir raýatyň ähli babatda abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat döwletimiziň adam hakdaky aladasynyň aýdyň nusgasy bolmalydyr. Şol alada bolsa raýatlarymyzň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň gowy şertleriň döredilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Şu babatda gurulmagy meýilleşdirilýän we häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan ýol-ulag düzüminiň ýokary hilini hem-de halkara ülňülerine laýyk gelmegini we elbetde, täze desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek bu desgalara bildirilýän esasy talaplardyr.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi öz öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek, milli Liderimiziň başyny başlan, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny we bagtyaýr durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli güýjüni, bilimini we tejribesini gaýgyrmajkdyklaryna ynandyrdylar.