Ï Ahal saýlawlara taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal saýlawlara taýýarlyk görýär

view-icon 670
Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga dalaşgärler hödürlenip başlandy. Sebitde milli parlamente deputatlaryň 15-ni saýlamak wezipesi öňde durýar. TDP-niň, kärdeşler arkalaşygynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Zenanlar birleşigini etrap guramalary birnäçe okruglar boýunça Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga dalaşgärleri hödürlemegi geçirdiler.

Hünärmenleriň baha bermegine görä, hödürlenýän dalaşgärleriň sany saýlanylmaly dalaşgärleriň sanyndan epesli köpdür. Bu bolsa türkmen jemgyýetinde alternatiw saýlawlaryň demokratik ýörelgeleriniň berk ornandygyna şaýatlyk edýär. Deputatlyga hödürlenen dalaşgärleriň ählisi dürli ýaşdaky we hünärli adamlardyr, olaryň ählisini hünär ussatlygy we durmuş tejribeleri bilen tapawutlanýarlar. Dalaşgärlige hödürlän adamlar olary bilelikdäki iş boýunça tanaýarlar we olaryň Türkmenistanyň Mejlisinde saýlawçylaryň mynasyp wekili boljakdyklaryna ynamlary ulydyr.

Ahal welaýatynda saýlawlar saýlaw okruglarynyň 15-sinde we saýlaw uçastoklarynyň 338-nde geçiriler. Saýalwlar bir mandatly saýlaw okrugy boýunça geçirilýär. Her bir saýlaw okrugyndan halk kämiýetiniň ýokary guramasyna bir deputat saýlanylýar. Saýlaw toparlarynyň düzümi, saýlaw uçastoklaryň merkezleriniň we serhetleriniň sanawy welaýat gazetleriniň sahypalarynda çap edildi.

Saýlaw işlerini guraýjylar üçin ýörite okuw-maslahatlary geçirildi. Welaýat we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary, işjeňler häzirki wagtda saýlawçylary uçastok saýlaw toparynyň ýerleşýän ýerini we ses beriljek ýeriň jaýyny görkezmek bilen, her bir okrugyň we saýlaw uçastogynyň serhetleri barada habarly edýärler.