Ï Türk halkynyň beýik oglunyň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türk halkynyň beýik oglunyň hatyrasyna

view-icon 699
Şu gün paýtagtymyzdaky Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we onuň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň adyny göterýän seýilgähde tutuş dünýäde giňden meşhur bolan geçen asyryň syýasatçysynyň we döwlet işgäriniň ýadygärligine indi ençeme ýylyň dowamynda asylly däbe öwrülen gül goýmak dabarasy boldy.

Her ýyl türk halkynyň çuňňur hormat goýulýan lideriniň aradan çykan güni Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, biziň ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem paýtagtymyzdaky türkmen-türk okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere gelýärler.

Ýygnananlar Mustafa Kemal Atatürküň ýagty ýadygärligini bir minut dymmak bilen hatyraladylar soňra, onuň heýkeline gül desselerini we çemenleri goýdular.

Turkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mutewellioglu ýygnananlara ýüzlenip, türk halkynyň däp-dessurlaryna bildirilýän doganlyk duýgulary we hormat-sarpa üçin türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.