Ï Geljege ymtylýan paýtagt
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geljege ymtylýan paýtagt

view-icon 670
Geljek hepdede Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşyk medeniýetiniň müň ýyllyklara uzaýan gözbaşy” atly halkara ylmy maslahaty dünýäniň alymlarynda, şäher gurluşykçylarynda, arhitektorlarynda, sungaty öwrenijilerde uly gyzyklanma döretdi. Olaryň köpüsi maslahatyň guramaçylaryna maslhata gatnaşmaga talap hatyny ýolladylar we oňa gatnaşmaga çakylyk aldylar. Türkmen kärdeşleri hem uly işjeňlik görkezdiler. Bu maslahatyň bölümleriniň birinde hazirki zaman arhitekturasyny ösdürmegiň möhüm meseleleri barada gürrüň ediler. Arhitektorlar birleşmesiniň wekili Ataberdi Gurbanlyýew bu barada şeýle gürrüň berýär:



- Birnäçe golaý ýerleşýän ilatly nokatlaryň Ruhabat etrabynyň we Abadan şäheriniň şäheriň çäklerine goşulandan soňra – bu 37 müň gektar ýerden hem gowrak, Aşgabadyň çäkleri iki essä golaý diýen ýaly giňedi we 70 müň gektar töweregi meýdana ýetdi. Şeýleleik bilen, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň sanynyň hasabaty üçin görkezijiler birden üýtgedi. Aşagabatda häzirki ösüş depginleri saklananda onda million töwregi adam ýaşar. Bu görkezijileri nazara almak bilen, baş meýilnamanyň we aýratyn sebitleriň jikme-jik planlaşdyryş taslamasynyň üstünde işlenilmegini şertlendirýän şäheriň täze ýörelgesi kesgitlenilýär.

Ýakynda Aşgabat şäher häkimligi şäher täze baş meýilnamasyny döretmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu günki gün biziň öňmüzde köp sanly könelişen görkezijilerden täzeden many çykarmak, häzirki zaman paýtagt megapolisi nähili ösdürmeli diýen wezipe öňmüzde durýar. Biz adamyň ähli göwrümlerde – arhitekturanyň interýerden başlap, tebigy landşafta çenli döredýän giňişligi, gurşawy özgertmäge toplumlaýyn çemeleşmesidiginden ugur alýarys.

Baş meýilnama döredilende hemişe ilki şäher gurluşyk taslamalarynyň kadalary tassyklanýar we megapolisiň geljegi uly bolan konsepsiýasy kabul edilýär. Ilki bilen master-plan işlenilip taýýarlanmaly, soňra baş meýilnama, yzy bilen Ýer uçastogynyň baş meýilnamasy we iň soňunda – aýratyn desgalaryň ölçegleri taýýarlanylýar. Biziň işimizde esasan düýüpli ugruň ikisi – şäher gurluşyk kanuny we planlaşdyryş taslamalary bolýar. Olar iş ýüzünde kanunyň tarapdarlary bolup çykyş edýärler. Biz hem bu temalar boýunça işläp başlaýarys.