Ï Çagalar üçin sagaldyş merkezleri gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar üçin sagaldyş merkezleri gurulýar

view-icon 693
Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän ajaýyp Gökdere jülgesinde we Hazaryň kenarynda ýerleşýän Awazada özboluşly ajaýyp çagalar sagaldyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Indi şular ýaly häzirki zaman sagaldyş merkezleri ,hususanda, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda we Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gurular. Bu merkezlerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde oňat hilli dynç almaklary we wagtlaryny gyzykly geçirmel;eri üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutular.

Türkmenistanyň Prezidenti şu günki geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň taslamasyny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmak işlerini konsorsiumyň düzümine girýän Balkan welaýatynda “Arna ýap” hojalyk jemgyýeti, Daşoguz welaýatynda - “Merdogly”, Lebap welaýatynda bolsa “Nahal” we “Ferhar” hojalyk jemgyýetleri alyp bararlar.

Gurluşyk işlerine eýýäm 2013-nji ýylyň dekabr aýynda başlanar. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerini 2015-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.