Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän, çärýekde bir gezek çykýan “Demokratiýa we hukuk” žurnaly neşir edilýän ýyllary içinde žurnal özüniň okyjylaryny toplady. Olaryň hatarynda hukuk ulgamyna degişli hünärmenler, döwlet häkimiýetlilgi we dolandyryş guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýönekeý raýatlar bar. Žurnalda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň düýp mazmunyny we ugurlaryny açyp görkezýän maglumatlar we syn beriji makalalar ýerleşdirilipdir.
Žurnalyň täze sanyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren giňişleýin mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kanunçylygy” atly makalada häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen imilli hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri aýdyň beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan makalada döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň görnüşleri, akademiýanyň ylmy-amaly binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, işgärler syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň geljegi hakynda gürrüň berilýär.
“Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde köptaraplaýyn diplomatiýanyň orny we ähmiýeti” hem-de “Parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly makalalarynda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy barada aýdylýar.
“Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly makala ilatyň saglygy goraýyş ulgamyna döwlet goldawy, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň giň toplumynyň döredilmegi, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanypdyr.
“Senenama” atly bölümde ýerleşdirilen habarlar we maglumatlar žurnalyň täze sanyny jemleýär. Onda biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dürli derejedäki maslahatlar we beýleki çäreler barada gysgaça maglumat berilýär.