Ï Žurnalistler üçin maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žurnalistler üçin maslahat

view-icon 623
Milli parlamente boljak saýlawlaryň öňisyrasynda Türkmenistanyň MST we BMGÖM milli habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri üçin okuw maslahatyny guradylar.

Okuw maslahaty ýazýan žurnalistler üçin demokratiki saýlawlaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly ýere öwrüldi. Hususanda, bu köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we saýlawlar ulgamynda halkara hukugynda beýan edilýän esasyny düzýän ýörelgelerden; BMG-nyň halkara resminamalarynda hasaba alynan KHBS ornuny kesgitleýän ölçeglerden; saýlawlar döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin borçlardan we özüňi alyp barmakdan, şeýle hem saýlaw hukuk ulgamynda raýatlaryň bilim we maglumatlar bilen üpjün edilmeginde KHBS tutýan ornyndan ybaratdyr.

Saýlaw möwsümini beýan etmegiň amaly meseleleri boýunça BMGÖM saýlawlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça halkara maslahatçysy Ruta Awulite Moreýra tarapyndan geçirilen okuw maslahaty türken žurnalistlerine diňe bir bilimlerini ýokarlandyrmaga şert döretmän, eýsem olara halkara ýörelgelerini nazara almak bilen, öz maglumatlar habarlaryny kämilleşdirmäge hem şert döretdi. Okuw maslahatynyň jemleri boýunça BMGÖM maslahatçysy Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk saklamak boýunça ýörelgäni teklip eder.