Şu gün Lebap we Mary welaýatlarynda täze häzirki zaman çagalar baglary ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralaryna çagalaryň şadyýanlygy, döredijilik toparlarynyň türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan ägirt uly üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlary özboluşly öwüşgin çaýdy. Binalaryň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabarada häkimlikleriň, jemgyýeçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa parasatly we öňdengörüjilikli, türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky okgunly ösüşi şertlendiren durmuş ugurly syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Ýygnananlaryň biragyzdan bellýeşleri ýaly, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, ýurdumyzyň bilim ulgamyny, şol sanda mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselesi biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Farap etrabynyň “Hojakenepsi” geňeşliginiň Eljik obasynda bina edilen täze çagalar şäherjiginde körpeleriň sazlaşykly ösmegi hem-de hemmetaraplaýyn başlangyç bilimi özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Kompýuter we lingafon otaglary, häzirki zaman okuw abzallary, interaktiw tagtalar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olar çagalaryň türkmen, iňlis, rus dilleri, informatikanyň başlangyç tälimlerini üstünlikli ele almagy üçin peýdalanylar. Körpeleriň ösüşini höweslendirýän ýörite oýun maksatnamalary olaryň oýun görnüşinde geçirilýän dersleri göwnejaý özleşdirmegine ýardam eder.
Çagalaryň beden taýdan ösmegi üçin ýüzülýän howuz, türgenleşik enjamlary bolan sport zaly, açyk meýdandaky sport meýdançalar göz öňünde tutulypdyr.
Iki gatly çagalar şäherjigi körpeleriň 160-syna niýetlenendir. Bu ýerde ýagty we oňaýly ýatylýan otaglar, köp görnüşli oýunjaklar goýlan oýun otaglary, kiçijik naharhanalar, saz öwrenliýän zal, lukmançylyk nokady göz öňünde tutulypdyr.
Welaýat merkezi Mary şäherinde 160 orunlyk häzirki zaman çagalar bagy ulanmaga berildi. Bu bina özüniň daşky görnüşi, otaglarynyň oňaýly ýerleşdirilişi bilen häzirki zaman binagärliginiň özboluşy nusgasydyr. Onda ýokary hilli timarlaýyş materiallary peýdalanylyp, milli bezeg sungatyna aýratyn orun berlipdir. Binalar toplumyna naharhana we lukmançylyk otagy hem girýär.
Bu bina biziň ýurdumyzda şunuň ýaly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Binanyň taslamasyny düzüjiler we gurluşykçylar körpeleriň ýaş aýratynlyklary boýunça sazlaşykly ösmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri göz öňünde tutupdyrlar. Giň we ýagty otaglar, rahat ýatylýan jaýlar, oýun oýnalýan otaglar, kompýuter sowatlylygynyň başlangyçlaryny ele almak üçin otaglar, şeýle hem saz öwrenilýän we sport zallary körpeleriň ygtyýaryna berlipdir.
Ertekileriň gahrymanlarynyň heýkelleri bilen bezelen, abadanlaşdyrylan ýanaşyk meýdançada oýun oýnalýan meýdançalar, telärler ýerleşdirilipdir.
Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde bir gije-gündizde awtoulag serişdeleriniň 750-sine hyzmat etmäge niýetlenen täze ýangyç guýujy beket ulanmaga berildi. Bir gektar meýdanda ýerleşdirilen häzirki zaman ýangyç guýujy bekedi Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Özboluşly görnüşde gurnalan giň telärleriň aşagynda häzirki zaman nusgaly ýangyç paýlaýjy enjamlar ýerleşdirilipdir. Olara awtoulaglaryň iki tarapdan gelmegine şert döredilmegi birbada sekiz awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
Ýanaşyk ýerleri dürli güller we bag nahallary bilen abadanlaşdyrylan bu ýangyç guýujy bekediň gurluşygyny “Türkmennebitönümleri” müdirliginiň gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň welaýatdaky düzümleriniň hünärmenleri amala aşyrdylar. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

* * *