Ï Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri bellige almak başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri bellige almak başlandy

view-icon 573
Şu gün, 16-njy noýabrda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy möwsüminiň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleri bellige almak başlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, hemme saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýerli komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň çäklerinde kanunçykaryjylyk edarasynda halk wekilleriniň wezipesine iň mynasyp dalaşgärler görkezildi. Bäsdeşleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň: bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, durmuş üpjünçilik, medeniýet we ylym pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri, oba zähmetkeşleri we beýlekiler bar.

Hemme okruglarda milli parlamentiň deputatlygyna bir orna dalaşgärleriň birnäçesi hödürlenýär. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda demokratiýany çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünlige beslenýändigine nobatdaky gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

Okrug saýlaw toparlarynda dalaşgärler tassyklanandan we bellige alnandan soň, olaryň sanawy metbugatda çap ediler hem-de wagyz ediş möwsümine badalga berler. Saýlaw toparlary şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we degişli ýerli öz – özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary dalaşgärleriň saýlawçylar bilen ýygnaklary we duşuşyklary guramak boýunça bilelikde iş alyp bararlar. Şol duşuşyklaryň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýurdumyzy ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalarynyň ýerlerde amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly öz tekliplerini saýlawçylara hödürlemegi üçin dalaşgärleriň hemmesine deň hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.

Saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçmegine milli synçylaryň gatnaşmagy ýardam eder. Olary bellige almak ýakynda başlandy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we birleşiklerinden jemi 2500–den gowrak synçylar bellige alyndy. Olaryň hemmesine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Saýlawçylar üçin okuw seminarlary geçirildi. Şol okuwlar oňa gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler bilen, esasan hem täze Saýlaw kodeksi bilen, öz wezipe borçlary bilen hem-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň düzgüni bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berdi. Ozal şeýle okuwlar uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin hem guraldy.

Umumy kabul edilen halkara tejribesine laýyklykda, synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularynyň möhürlenmegine, saýlawyň başlanmagynyň öň ýanynda saýlaw uçastoklarynda bolup, saýlawlaryň geçişine, sesleriň sanalyşyna, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleriniň kesgitlenişine hem-de umumy netijeleriň jemlenmegine gatnaşarlar. Mundan başga-da, olar möwsümiň guralyşynyň derejesine we ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine baha bererler, raýatlaryň öz erk-islegini erkin beýan etmegini we saýlawlaryň demokratiýalylygyny üpjün ederler.

Öňde boljak saýlawlar öz esasy wezipesinden daşary, milli saýlaw ulgamynyň halkara derejesine laýyklygyny aýdyň beýan etmäge gönükdirilendir, olaryň giň bäsdeşlik esasynda alnyp barylmagy we bu möwsümiň doly açyklygy bolsa, döwletimiziň bu ulgamda umumy kabul edilen kadalara ygrarlydygyna nobatdaky gezek şaýatlyk etmelidir.