Ï Türkmenistan–BMG ÖM: saýlaw ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan–BMG ÖM: saýlaw ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 591
Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek” boýunça bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirilýän nobatdaky iki günlük maslahat öz işine başlady. Parlament saýlawlaryna zenan – dalaşgärleriň gatnaşygy boýunça halkara tejribesi bu gezekki forumyň gün tertibiniň esasy mowzugyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga dalaşgär zenanlaryň öňünde halkara bilermen hökmünde BMG ÖM-niň köp partiýaly saýlawlary taýýarlamak we geçirmek boýunça konsultanty jenap Sabahutdin Durguti çykyş etdi. Oňa gatnaşýanlaryň düzüminde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň we Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň jogapkär işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Şu ýylyň dekabr aýynda biziň ýurdumyzda boljak parlament saýlawlarynyň jähedinde ýokarda agzalan mesele boýunça Ýewropa Bileleşiginiň, Aziýa sebitiniň, GDA girýän birnäçe döwletleriň milli hem-de halkara tejribeleri forumyň barşynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Şunlukda dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny milli habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça täze maglumat tehnologiýalaryny we serişdelerini ulanmagyň wajypdygy bellenildi. Ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk guramasyna deputatlary görkezmek çäresinde saýlawyň öňüsyrasyndaky möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini, degişli beýan ediş we maglumat – düşündiriş işlerini üpjün etmek maksady bilen öňdebaryjy usullaryň ulanylmagyna aýratyn orun degişlidir.

Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga görkezilýän zenan dalaşgärleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen teklipleri işläp taýýarlamak maslahatyň esasy mowzugy boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň demokratimk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly kepili bolan halk häkimliligi esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilen özgertmeleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Türkmenistan bilen BMG ÖM-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýedigini bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar bu gezekki forumyň soňky ýyllarda täze itergä eýe bolan we oňyn mazmun bilen üsti ýetirilýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.