> 2013-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Ozon gatlagyny goramak we ozon gatlagyny ýumurýan maddalar boýunça Monreal protokolynyň Türkmenistan tarapyndan ratifisirlenmegine 20 ýyl dolýar. Ýurt bu ugurda boýun alan öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýär, ozon gatlagyny goramak ulgamynda kanunçylyk kämilleşdirilýär, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ýanynda Ozon edarasy işleýär.
Bu sene mynasybetli paýtagtda 21-22-nji noýabrda maslahat geçiriler we ol ORW-ň tehnologiýalary we maddalary üçin alternatiwe bagyşlanar. Maslahata Goranmak, Söwda we daşary ykysady aragatnaşyklary, Bilim ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmensatandartlary” Baş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri çagyryldy. Maslahata düzüminde hladagentleri saklaýan enjamlary oturtmak we hyzmat etmek bilen bagly işler bilen meşgullanýan köp sanly kiçi hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň, şeýle hem bu ugur baýunça hünärmenleri taýýarlaýan 4-nji liseýiň okuwçylar ýygnanar.
Ozon edarasynyň ýolbaşçysy Gülşirin Joraýewanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde gidroflorftoruglerodlary (GHFU) ulanyşdan aýyrmak boýunça 2010-2020-nji ýyllar üçin meýilnamanyň birinji tapgyryny amala aşyrmak dowam etdirilýär. Ony ulanmagy doly gadagan etmeklik 2040-njy ýylda göz öňünde tutulýar. Bu günki gün GHFU sowadyjylarda, howany ýyladýan we sowadýan enjamlarda, köpürjigi döretmekde we erediji maddalarda ulanylýar. Olar alnernatiw hökmünde ozony ýumurýan hlorftoruglerodlaryň (HFU) ornuna geldiler.
Sowadyş böleginiň tehniklerini, döwlet barlaghanalarynyň, gümrük gullugynyň işgärlerini okatmak, GHFU-ny tapgyrlaýyn azaltmak maksady bilen, gerek bolan görkeziş ýörite enjamlary satyn alamk ýörite taslamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Ozon gatlagyny goramagyň zerurlygyny düşündirmek boýunça giň göwrümli işler alnyp barylýar.
Telekeçiligiň ösdürilmegi bilen, ýurtda teoretiki taýdan taýýarlygy ösdürmek we hladagentleriň howa zyňylmagy netijesinde ýetirilýän zyýanlar barada habarly etmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu maksat bilen öwrediji sapaklary guramak dowam etdiriler.