Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan “2013-2017-nji ýyllara Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi” Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmeklik boýunça edaraara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Milli maksatnamanyň wezipesi ýokanç däl keselleriniň ýaýramagyny peseltmäge ýardam etjek toplumlaýyn iýmit syýasatyny işläp düzmekden ybaratdyr. Maksatnama iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmekligi we şonuň bilen birlikde oýlanyşykly iýmitlenmegiň meselelerindäki bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Milli maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça ýygnagyň gün tertibine bu ulgamda ministrlikleriň we degişli edaralaryň çäreleriniň ýerine ýetirilişi hem-de epidemiologiýa baradaky döwlet gullugynyň iýmit önümleri boýunça hiliniň we howpsuzlygynyň monitoringi boýunça meseleler girizildi. Iýmitiň olardaky ýagyň, duzuň we şekeriň azaltmagyň hasabyna hilini gowulandyrmak meselelerine hem seredildi. “2013-2017-nji ýyllara Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi” Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmeklik boýunça edarara iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar Bütündünýä Saglyk guramasynyň Ýewropa strategiýasynyň iýmit bilen baglanyşykly ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça geçiren tanyşdyryş dabarasy uly gyzyklanma döretdi.
Sagdyn iýmitlenmek Bütündünýä Saglyk guramasynyň “Saglyk-2020” syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýar. Bu syýasat bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda Aşgabatda Bütündünýä Saglyk guramasynyň Ýewropa ministrler maslahaty geçiriler.