Şu gün Serhetabat etrabynyň Galaýmor geňeşliginde 90 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy milli binagärlik ýörelgeleri nazara alnyp, ýokary hilli bezeg serişdelerini ulanmak arkaly häzirki zaman usulynda bina edildi. Täze bina Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde çagalaryň wagtyny şatlykly geçirmekleri, sazlaşykly ösüşi, şeýle hem oňaýly dynç alşy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Iki gatly binada sapak geçmek, dürli oýunlary guramak üçin otaglar, kompýuteri özleşdirmek üçin döredilen şertler, şeýle hem çagalaryň saza bolan ukybyny ösdürmäge döredilen mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde naharhana we lukmançylyk otagy hereket edýär. Bu ýerde dürli sport oýunlaryny geçirmek üçin sport zaly bar. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Ol ýerde ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri goýlupdyr. Şeýle hem oýun meýdançalary, telärler çagalaryň hyzmatynda.
Täze çagalar bagy türkmen obasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlup ulanmaga berildi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy", “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” hut şu ugra gönükdirilendir.
Täze çagalar bagy körpeler üçin ajaýyp sowgat boldy. Etrabyň ähli pudaklarynyň, hususan-da, maldarçylygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ene-atalar täze çagalar bagynyň gurlup ulanmaga berilmegine has-da begendiler. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasy baýramçylyk äheňinde geçirildi. Oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň, bilim we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulalar, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çagalar bagynyň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çeper höwesjeňler toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.