Ï Türkmenistan-ÝHHG: habar beriş serişdeler ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ÝHHG: habar beriş serişdeler ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 699
Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand turkmen” myhmanhanasynda “tegelek stol” görnüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralan forum onlaýn ýagdaýynda habar beriş serişdeleriniň işini halkara tejribesine hem-de Interneti hukuk taýdan kadalaşdyrmaga bagyşlandy.

Duşuşyga ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Türkmen döwlet habarlar gullugynyň – TDH-niň işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Iwo Petrow özüniň giriş sözünde Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky köpugurly işjeň hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigine kanagatlanma bildirip, mass-media ulgamynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmekde şu maslahatyň ähmiýetini, şeýle hem geçen ýyl kabul edilen “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň derwaýyslygyny belledi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi, olaryň işiniň döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüşiň wezipelerine laýyk gelmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Maslahatda halkara bilermenleri hökmünde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Býurosynyň uly geňeşçisi Mikael Unland, Ukrainanyň Media Hukuk institutynyň direktory Taras Şewçenko, “Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň” mediakommunikasiýalar fakultetiniň dekany Anna Kaçkaýewa (Russiýa Federasiýasy) çykyş etdiler. Olar ýygnananlary elektron mass-media ulgamynda häzir hereket edýän halkara standartlary, mediabilimi mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, Internet ulgamynda şahsy maglumatlary goramak baradaky wezipeler bilen tanyşdyrdylar.

Nygtalyşy ýaly, ählumumy möçberde maglumatlary ýaýratmak we almak üçin giň mümkinçilikleri açýan täze tehnologiýalaryň okgunly ösmegi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kadalaşdyrylmagyny, olaryň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini şertlendirýär.

Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar bu maslahatyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täze tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ertir forum öz işin dowam eder.