Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, milletiň ruhy-ahlak sütünlerini berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn özgertmeleriniň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji gününden neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreşi yglan edip, bu çäräni döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şu maksat bilen amala aşyrlýan köpugurly çäreler öz anyk netijelerini hem berýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz tutuş dünýä bilen bilelikde tutuş adamzada uly howp salýan neşekeşlik ýaly ýaramazlygyň öňünde ygtybarly böwet goýmalydyrys.
Neşekeşlige garşy göreşmek, onuň öňüni almak, neşe serişdelerini sarp edýän adamlary ýüze çykarmak we bejermek boýunça giň gerimli işler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Neşe serişdeleriiň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasynyň” çäklerinde hem alnyp barylýar.
Milli derejede hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan “Göknar-2013” atly ýöriteleşdirilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ähli ýerlerde ilat arasynda işjeň wagy-nesihat işlerini alyp barýan ykjam toparlar döredildi. Şol işler toruna düşen adamlaryň ykballaryny harap etmäge ukyply ýaramaz endigi düýbünden ýok etmäge gönükdirilendir.
Ýaramaz endiklere netijeli alternatiwa bolup durýan köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek we türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek häzirki döwrüň wehimlerinden goramak, neşekeşligiň netijeleriniň ýaramaz ýagdaýlaryny azaltmak boýunça edilýän tagallalaryň möhüm ugry bolup durýar.
Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni maksada okgunly gurýan biziň halkymyzyň ýşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek bilen türkmen döwleti neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna ygtybarly böwet goýmak bilen, tutuş adamzat üçin iň howply wehimleriň birine garşy durmak ugruna berk eýerýär.
Ýöne gynansak-da, ýeňil eklenjiň gözleginde neşe söwdasy ýaly haram pişe bilen meşgullanýan adamlar duş gelýär. Ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň geçiren dessin işleri netijesinde bu haram iş bilen meşgullanan adamlaryň topary ýüze çykaryldy. Ynha, neşe söwdasy ýaly ýaramaz iş bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Dursun Hojamyradowa, onuň ogly Eldar Hojamyradow we gyzy Jemile Hojamyradowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Dünýägözel Hanyýewa, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýazgyda durup, Baharly etrabynda wagtlaýyn ýaşaýan Amansoltan Garajaýewa meşgullanyp gelipdirler.
Geçirilen derňew işleri netijesinde ady agzalan adamlardan aýratyn uly möçberlerde neşe serişdeleri, şeýle hem neşe söwdasyndan toplanylan daşary yurt pullary we milli manatlary, dürli şaý-sepleri alyndy.
Neşe söwdasy bilen meşgullanan jenaýatçylar ählumumy ýazgarmalara mynasypdyr. Biziň ajaýyp ýurdumyzda hokum sürýän bagtyýarlyga, parahatçylyga we agzybirlige buýsanmagyň deregine, bu betnebis haramzadalar ýaramaz pişe bilen meşgullanyp gelipdirler. Olar indi etmişlerine puşman edýärler.
Halk arasynda aýdylyşy ýaly, “Eli bilen eden egni bilen çekmeli bolar”. Maşgala ojagyny goramagyň, halal, päk ýürekli zähmet çekmegiň, ajaýyp durmuşa guwanmagyň deregine jenaýat işleri bilen meşgullalan bu adamlar üçin hiç hili eglişik bolup bilmez we olar indi öz mynasyp jezalaryny çekmeli bolarlar.