Şu gün Türkmenistanyň adam hukuklaryna we halkara ynsanperwerlik hukugyna degişli halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Adatça, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilýän duşuşyga Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, yzygiderli hereket edip, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ugrunda ýurdumyzyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýan bu pudagara maslahat beriş düzüminiň işi milli kanunçylygyň seljerilmegi hem-de şu ugra degişli halkara hukuklaryny utgaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly möhüm ugurlara gönükdirilendir.
Şu mejlisiň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň 2011-2015-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça milli maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adyl kazyýet ulgamyny ösdürmek baradaky baş maksatnamasyny” iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi.
Duşuşygyň barşynda bu möhüm resminamalaryň kabul edilmeginiň ýaş nesliň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny, çagalar üçin göwnejaý durmuş şertleriniň döredilmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşilýändigini hem-de ýaş raýatlaryň abadançylygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edilendigini görkezýändigi bellenildi. Şol maksatnamalaryň toplumlaýyn we üstünlikli amala aşyrylmagy sagdyn bedenli, ruhy we aň-düşünje taýdan ösen nesliň terbiýelenilip ýetişdirilmegine, maşgalanyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklaryna we halkara ynsanperwerlik hukugyna degişli halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary üçin duşuşyklaryň ýene-de ikisi geçirildi, bular Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty we BMG-niň Ösuş maksatnamasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu duşuşyklara BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jasinta Barris, Adam hukuklary boýunça Ýokary komissaryň edarasynyň halkara bilermeni Jamşit Gaziýew we garaşsyz bilermen Bunafşi Gulakowa gatnaşdylar.
Şol duşuşyklarda adam hukuklary boýunça halkara borçlaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *