Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji noýabrda bolan mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka ilatyna nobatdaky ynsanperwerlik kömegini bermek bilen baglanyşykly Buýruga gol çekdi. Buýruga laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynsanperwerlik kömegi hökmünde dürli harytlary we önümleri, şol sanda sport egin-eşiklerini, oba hojalyk önümlerini, mekdep partalaryny hem-de süýji-köke önümlerini Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu çözgüt Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygy, parahatçylykly durmuşy gurýan hem-de geljekki durnukly ösüşiň esaslaryny ýola goýýan doganlyk owgan halky bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek islegi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan goňşy ýurduň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen, türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ilatyna uly ynsanperwerlik ýüklerini ýetirdi. Olaryň arasynda göz öňünde tutulan dürli harytlaryň we önümleriň ählisi bar.
Owganystanyň welaýatlarynyň ýolbaşçylary we ilaty ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, türkmen döwletiniň häzirki wagtda parahatçylykly we durnukly durmuşy gurýan goňşy ýurt bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygy bilen şertlendirilen bu hoşmeýilli erk-isleg üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Owgan welaýatlarynyň wekilleri ynsanperwerlik ýüki kabul etmek dabarasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan uly üstünliklerine ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanyň owgan halky babatda hoşniýetli garaýşynyň mizemezdigini aýratyn nygtadylar. Häzirki wagtda hakyky dostlaryň ýakyn goldaw bermeginde owgan halkynyň ykbaly özgerýär. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen döwleti Owganystany parahatçylyk ýoly bilen dikeltmäge işjeň gatnaşyp, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýakyndan kömek berýär.
Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy bolmak bilen, hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde taslamalaryň birnäçesini, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli esasda elektirik energiýasy, şeýle hem suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Munuň özi, ilkinji nobatda, türkmen elektrik energiýasyny, diýmek, her bir öýe ýagtylygy we ýylylygy ýetirýän elektrik geçiriji ulgamlardyr. Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulagmynda hem Owganystanyň raýatlaryna muzdsus kömek berýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda taslama gatnaşýan üç ýurduň ählisiniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Taslamanyň birinji tapgyrynda demir ýoluň 88 kilometrlik iki bölegini: Türkmenistanyň çäginde Atamyrat-Ymamnazar demir ýoluny hem-de Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Akina ilatly nokadyna çenli demir ýoly gurmak meýilleşdirilýär.
Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň okgunly ösmegi, şeýle hem bilelikdäki täze düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, iri durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmäge kuwwatly itergi berer, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berer, ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsir eder.
Şeýlelikde, bu waka sebitiň umumy ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän parahatçylygyň we ynsanperwwerligiň belent ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.