Şu gün paýtagtymyzda mugallymlar – bu ulgamda okuwlar boýunça milli hünärmenler üçin adam hukuklary baradaky üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. “Adam hukuklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň milli kuwwatyny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklernde geçirilýän okuw maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guraldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.
Forumyň açylyşynda bellenilişi ýaly, adam hukuklaryna ählumumy hormat goýmak ýörelgesini ilerletmek Birleşen Milletler Guramasy döredileli bäri onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, Kanunyň rüstemligini hem-de öz raýatlarynyň we jemgyýetiň iň uly gymmatlygy hökmünde şahsyýetiň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlygyny goramagy özüniň ileri tutlýan ugurlarynyň birine öwürdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda demokratik ugra gyşarnyksyz eýerip hem-de halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň binýatlaýyn Konwensiýalarynyň birnäçesine hem-de beýleki resminamalara, ilkinji nobatda, parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklaryny üpjün etmek meselelerine degişli möhüm halkara resminamalaryna goşulmagy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Okuw maslahatynyň barşynda halkara bilermeni hanym Olena Woloçaý bu ulgamda milli hünärmenler üçin Adam hukuklary boýunça düýpli çemeleşme baradaky maksatnamanyň tanyşdyrylyşy, şeýle hem bu maksatnamanyň ähmiýeti barada çykyş etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde ýygnananlar hukuk ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar, şeýle hem bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň dürli meselelerni ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maslahaty öz işini 5-nji dekabrda tamamlar. Forumyň masatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, oňa gatnaşyjylar adam hukuklary boýunça okatmagyň usullary we meýilnamalar bilen tanşarlar. Forumyň çäklerinde bu meseleler boýunça amaly sapaklar hem geçiriler.
Şondan soňky gün – 6-njy dekabrda şu mowzuk, ýagny raýat bilimi meseleleri boýunça okuw maslahaty ýurdumyzyň ministrliikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üçin geçiriler. Bu forumda hem halkara bilermeni hanym Olena Woloçaý çykyş eder.