Ï Döwlet tarapyndan alada edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet tarapyndan alada edilýär

view-icon 666
Aşgabatda we welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň guramagynda Maýyplaryň Halkara gününe bagyşlanyp çäre geçirildi

TKKJ bilen BMGÖM “Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlary durmuş taýdan çekilmegine we goşulyşmagyna goldaw bermek” bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde maslahat beriş duşuşygy we “Maýyplygy bolan adamlary işe ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hereketlendirmek” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Zähmet we ialty durmuş taýan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, gurluşyk we söwda kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede hormat hatlary we ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu dabaraly çäre welaýatlaryň ählisinden gelen çeper höwesjeňleriniň konsrti bilen tamamlandy.

Paýtagtyň “Watan” kinokonsert merkezinde “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan “Dünýä – hemmeler üçin birdir” ady bilen konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň we ÝUNISEF-iň kömegi bilen çagalar baglarynyň we ýöriteleşdirilen mekdep-internatlarynyň eşdişi we görüşi kyn bolan çagalaryna bu ajaýyp binanyň sahnasynda çykyş etmäge kömek berildi. Meşhur estrada aýdymçylary we sirk žanyrynyň artistleri bolan “Güneş” topary ýaş çeper höwesjeňler bilen bilelikde çykyş etdiler.

Aşgabat şäher sport komitetiniň Maýyplar sport mekdebiniň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ilkinji kubogynyň eýeleri kesgitlendi. Kubok ugrundaky bäsleşige türgenleriň 30-dan gowragy gatnaşdy. Olaryň arasynda dürli halkara derejesindäki – Bütindünýä we ýöriteleşdirilen Olimpiýa oýunlarynyň, Ýewraziýa we Merkezi aziýa sebitleriniň we beýleki bäsleşikleriň ýeňijileri hem bar. Bäsleşige gatnaşyjylar we sport mekdebiniň okuwçylary üçin ýurduň esrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda konsert guraldy.

Maýyplaryň durmuşyny gowlandyrmak Türkmen döwletiniň aladalarynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan 2008-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, BMG-nyň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulyşdy, 2013-nji ýylda kabul edilen “Ilary durmuş taýdan goramak hakynda” Kanunda bilim, iş bilen üpjün etmek we durmuşyň beýelki ugurlary boýunça maýyplar üçin ýeňillikleri gňz öňünde tutýan birbäçe kadalar we ýagdaýlar bardyr. Mümkinçilikleri çäkli bolan adamlary durmuş taýdan gorglylygyna, olary öz ukyplaryna görä zähmete we sporta çekmekde uly aladalar edilýär.