Şu gün Seýdi şäheriniň Täze ýurt obasynda tutuş ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurlan täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar şäherjiginiň açylyş dabarasynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi, çagalar bolsa türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna bagyşlanan goşgy okadylar.
Dabara gatnaşyjylar – welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular özleriniň çykyşlarynda milli Liderimiziň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen parasatly we öňdengörüjilikli syýasytynyň netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Mekdep ýaşyna çenli täze çagalar edarasynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi we ösmegi üçin oňaýly şertler döredildi. Döwrebap mebeller bilen üpjün edilen ýatakhanalar, sapaklary geçmek hem-de oýunlar üçin niýetlenen otaglar, kompýuter we lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary, naharhana, lukmançylyk otagy çagalaryň hyzmatyndadyr. Taýýarlaýyş okuw otagy interaktiw tagta hem-de ýörite okuw maksatnamalarynyň toplumlary bilen üpjün edildi. Şeýlelikde, çagalar mekdepde okamagyň özleri üçin nobatdaky tapgyryna oňat taýýarlyk görerler.
Çagalar şäherjiginiň çägi talabalaýyk abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde tomusky eýwanlar, pawilonlar, hiňňildikler körpeleriň hyzmatynda bolar. Ýörite meýdançada meşhur ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri ornaşdyryldy. Bu täze çagalar bagyny guran ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri körpeler üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi üçin tagalla baryny etdiler. Iň gowy gurluşykçylara dabarada gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.