Ï Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

view-icon 610
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 5-nji dekabrda ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy.

Bu çare uzak wagtlaýyn iş saparyna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän, şeýle hem haýsydyr bir sebäbe görä 15-nji dekabrda boljak saýlawlar gününde özüniň saýlaw uçastogyna gelip, mynasyp hasaplaýan dälaşgärine ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Şeýlelikde saýlawlara taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Saýlaw möwsümi mahalynda oňa ýurdumyz we onuň geljegi üçin öz jogapkärçiligine anyk düşünýän ýüzlerçe we müňlerçe adamlar gatnaşýar. Deputatlyga dalaşgärleriň we olaryň ynanylan adamlarynyň saýlawçylar bilen duşuşyklary ýokary ruhy göteriliş we raýatlyk işjeňligi netijesinde geçirilýär.

Şu günler ähli uçastok saýlaw toparlary netijeli işleýär. Olaryň düzümine zähmetkeşler toparlaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan iň mynasyp wekiller girizildi.

TDH-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynda habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda we hereket edýän milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň 2446 saýlaw uçastoklarynyň hemmesi doly taýýar edildi. Şeýle hem daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 33-si öz saýlawçylaryna garaşýar.

Milli bilermenler bilen bir hatarda, daşary ýurtly synçylar we bilermenler saýlawlaryň geçişine gözegçilik edýärler. Olaryň hemmesine paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlyrynyň saýlaw okruglaryna saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, ses berilýän günlerinde hem baryp görmek mümkinçligi döeridildi.

Mejlisiň deputatlygyna saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Metbugat neşirlerinde, hususan-da, paýtagt we welaýat gazetlerinde dalaşgärleriň terjimehallary çap edildi. Saýlawçylar dalaşgärleriň saýlaw maksatnamalary bilen olar bilen geçirilýän duşuşyklarda ýa-da saýlaw uçastoklarynda tanşyp bilýärler. Dalaşgärlere milli telewideniýäniň üç ýaýlymynda giň derejede ýaýlym wagty bölünip berildi.

Şeýlelikde ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, Türkmenistanyň täze taryhyna girýän bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň geçirilmegine hemme zat taýýar edildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky işler yzygiderli dowam edýär we ol möhüm senä golaýlamak bilen, saýlawlary guramaçylaryň öňünde täze wezipeleri goýar. Saýlawlar 15-nji dekabrda tamamlanar. Şeýlelikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň täze tapgyryna badalga berler.