Şu günler ýurdumyz milli senenamamyzyň nobatdaky şöhratly senesini – döwlet Bitaraplygynyň 18 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Türkmen halkynyň eýerýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik taglymlarynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülen, ählihalk tarapyndan söýgüli bu baýramçylyk Türkmenistanyň her bir künjeginde ýyl-ýyldan barha giň gerim bilen we dabaraly geçirilýär. Ol ak sakgally ýaşululary hem, çagalyk döwründen halkymyzyň gadymy parahatçylyksöýüjilik däplerine hormat goýmak ruhunda terbiýelenýän, dünýä akyl ýetirmäge girişýän ýaşlary hem öz çäklerine çekýär.
12-nji dekabr biziň ýurdumyz üçin hakykatda eýýam ähmiýetli wakany tassyklady – hut şol gün 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” taryhy Rezolýusiýa kabul edildi. Bu dereje häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwletimiziň ösüşli içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.
Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen biziň ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär, hususan-da, güýç ulanmakdan hem-de harby toparlara we birleşiklere gatnaşmakdan ýüz öwürmek, umumy adamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk we özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek borçlaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Şeýlelikde, hemişelik Bitarap döwletiň hukuk derejesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbitlerine gabat gelýän parahatçylyksöýüji daşary syýasat ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri berýär.
Bu ugra eýermek bilen Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam edip, döwrüň möhüm meselelrini çözmäge örän işjeň gatnaşýar. Bu babatda täsir etmegiň syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleriniň ähli guralyny peýdalanyp, ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy berkitmekde möhüm orny eýeledi we bu işini dowam edýär, wajyp hem-de iri möçberli döwletara taslamalarynyň ençemesiniň başlangyjy bilen çykyş edip, sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine hakykat-da öz mynasyp goşandyny goşýar.
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň iri sebitleýin düzüminiň – BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ştab kwartirasynyň açylmagy Türkmenistana bildirilýän ýokary ynamyň görkezijisi boldy. Munuň özi sebitiň parahat, durnukly ösüşiniň bähbidine gyzyklanma bildirilýän netijeli gepleşikler üçin açyk meýdança öwrüldi.
Döwletiň esasy baýramçylyklarynyň biriniň hormatyna ählihalk dabaralary ýurdumyzda her ýylda barha uly gerim bilen geçirilýär. Däp boýunça şanly senä bagyşlanyp, halkara we milli derejelerdäki maslahatlar, sergiler, baýramçylyk konsertleri, sport ýaryşlary we beýleki medeni - köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Bu sanawyň hatarynda, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahaty esasy orun eýeleýär. Ol Bitaraplyk gününiň oňýanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçiriler.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ylmy edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi hem oňat däbe öwrüldi.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 7-nji orta mekdepde 6-njy dekabrda “Bitaraplyk – meniň buýsanjym” atly çuňňur mazmunly maslahaty bolup geçdi.
Şu günler türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň bilelikdäki tagallalary bilen “Bitarap Türkmenistan dostlukly gatnaşyklary parahatçylykly ösdürmegiň we giňeltmegiň ýolunda” diýen maslahat guraldy.
Baýramçylygyň öňýanynda zehinli talyp ýaşlar ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynyň çäklerinde özleriniň bilim derejelerini görkezýärler.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň goşulyşýan ýaşlarymyz ýene-de bir watançylyk bäsleşigine – “Merdana nesil” bäsleşigine gatnaşýar. Onuň jemleýji tapgyry şu günler Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilid, 10-njy dekabrda bolsa paýtagtymyzdaky jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy meýilleşdirilendir. Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we ýurdumyzyň Bilim minsitrligi tarapyndan geçirilýär.
Eýýäm aýyň başyndan ýurdumyzyň muzeýlerinde, sergi merkezlerinde we kitaphanalarynda “Biziň gülläp ösýän Watanymyz hemişelik bagta beslenendir” diýen umumy at bilen sergiler, baýramçylyk dabaralary we maslahatlar geçirilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygynyň baýram edilýän şu günlerinde özbaşdak Watanymyzyň gazananlarynyň ajaýyp wagyzçylary bolan ýurdumyzyň öňdebaryjy teatr hem-de döredijilik toparlary hem türkmenistanlylara öz sowgadyny hödürleýärler. Teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde we Döwlet sirkinde köpsanly sungaty söýüjiler üçin sahnalaşdyrylan çykyşlar we “Biziň Watanymyz – Türkmenistan!” diýen mowzuk boýunça oýunlar görkezilýär.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmegi netijesinde soňky ýyllarda aýratyn gerime eýe bolan sport ýaryşlary hem baýramçylyk dabaralarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde sportuň dürli görnüşleri we milli türkmen oýunlary boýunça ýaryşlaryň hem-de görkezme çykyşlarynyň uly maksatnamasyny taýýarlady. Olar “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubeletnligiň ýurdy” diýen şygar astynda geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hemme sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň sport merkezlerinde geçirilýär.
Sport çärelerine şeýle hem daşary ýurtly ilçiler işjeň gatnaşýarlar. Ine, şu günler “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy boýunça Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik gulluklaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda bilýard boýunça ýaryş geçirilýär.
Bitaraplyk baýramçylygyna däp boýunça binagärlik açylyşlary hem bagyşlanandyr. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň barha özgerýän şäherleriniň we obalarynyň keşbini bezemäge hyzmat etmäge gönükdirilendir.
Ine, şu hepdede Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň Täze ýurt obasynda 90 orunlyk çagalar bagynyň açlyyş dabarasy bolup geçdi. Baýramçylyk dabaralarynyň indiki günlerinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda “Toý mekany” dabaralar merkezi, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda aragatnaşygyň etrap dolandyryşynyň tehniki edara binasy, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda 350 orunlyk sport mekdebi hem-de Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyny Diýar geňeşliginiň Abdalýap obasynda 1500 orunlyk sport toplumy ýaly täze gurluşyklary ulanyşa tabşyrmak bellenilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 5-nji dekabrda geçirilen göçme mejlisinde bellenilişi ýaly, Aşgabatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin ähli amatlykly täze ýaşaýyş jaýlarynyň baýramçylyga bagyşlanan açylyş dabaralary bolup geçer.
Baýramçylyk çäreleriniň resmi maksatnamasyna goşulan iri möçberli ählihalk dabaralaryndan başga-da, ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda şu günler dabaraly ýygnaklar we duşuşyklar geçirilýär.
12-nji dekabrda, hut baýramçylyk gününde ir säher bilen däp boýunça Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy bolar.
Gündizine bolsa aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna sportuň gyşky oýunlary toplumynda baýramçylyk konsertini berjek meşhur daşary ýurtly medeniýet we sungat ussatlary bilen ýatdan çykmajak duşuşyklar garaşýar.
Türkmenistanyň milli baýramçylygy – Bitaraplyk güni mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary, şol gün agşam paýtagtymyzdaky “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde-de, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.