GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyga gözegilik etmegiň barşy hakynda aralyk hasabaty çap edildi.
Onda, hususan-da, Toparyň saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge 2013-nji ýylyň 27-nji noýabrynda girişendigi aýdylýar.
9-njy dekabrdaky ýagdaýyna görä, Toparyň düzüminde Azerbaýjan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Ressiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Ukraina, Belarus we Russiýa Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyna, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän synçylaryň 67-si resmi taýdan işleýär.
Saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň düzgünleriniň, şeýle hem saýlawlara taýýarlyk görülmegini we geçirilmegini kadalaşdyrýan beýleki hukuk namalarynyň esasynda geçirilýär.
Saýlawlara taýýarlyk işlerini we olaryň geçirilmegini Merkezi topar, 125 okrug we 2446 uçastok saýlaw toparlary, şol sanda 33 daşary ýurt saýlaw uçastoklary amala aşyrýarlar.
Saýlaw möwsümine gözegçilik etmegiň çäklerinde Toparyň wekilleri Aşgabat şäheriniň 1-nji we 10-njy, Mary welaýatynyň 97-nji, 100-nji, Ahal welaýatynyň 20-nji, Daşoguz welaýatynyň 42-nji, 43-nji, 59-njy, Lebap welaýatynyň 74-nji, 76-njy, 78-nji, 79-njy, Balkan welaýatynyň 34-nji, 35-nji saýlaw okruglarynyň uçastok saýlaw toparlarynyň işleri bilen tanyşdylar. Toparyň agzalary 2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda aýry-aýry saýlaw uçastoklarynda başlanan möhletinden öň ses bermek düzgün-kadalaryna gözegçilik etdiler.
Arkalaşygyň baryp gören saýlaw toparlary ses bermegi guramak üçin niýetlenen otaglarda ýerleşip, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri we guramaçylyk tehnikasy, ses bermek üçin içi görünýän gutular, zerur bolan maglumat-usulyýet edebiýatlary, kadalaşdyryjy resminamalar bilen üpjün edildi. Synçylar saýlaw toparlaryna baryp görmek bilen, olaryň işindäki açyklygy we aýdyňlygy, toparlaryň agzalarynyň hünär taýdan taýýarlygyny belleýärler.
Toparyň wekilleriniň pikirine görä, Merkezi topar, okrug we uçastok saýlaw toparlary saýlawlary erkin we demokratik ýagdaýda geçirmek üçin ähli çäreleri gördüler.
Kodeks tarapyndan bellenilen möhletde deputatlyga dalaşgärleriň 283-si bellige alyndy. Demokratik partiýadan – 99 dalaşgär, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan – 21, Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginden – 89, Zenanlar birleşiginden – 37, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasyndan – 22, raýatlar toparlaryndan dalaşgärleriň 15-si bellige alyndy. Dalaşgärler baradaky maglumatlar merkezi we ýerli metbugatda çap edildi.
Şeýlelikde, bir deputatyň ornuna her saýlaw okrugynda dadaşgärleriň 2-3-si dalaş edýär, munuň özi saýlawlaryň bäsdeşilk ýörelgelerine gabat gelýändigini görkezýär.
Deputatlyga dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak düzgün-kadalary açyk häsiýete eýe boldy we Kodekse laýyklykda geçirildi diýip topar hasaplaýar.
Deputatlyga dalaşgärler üçin saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin birmeňzeş şertler döredildi we olara resmi habarlar gepleşiklerine berilýän wagtdan daşgary döwlet tele we radio ýaýlymlarynda sagat 19-dan 23-e çenli mugt efir wagtynyň berilmegine bolan hukuk üpjün edildi.
Tele we radio ýaýlymlarda mugt efir wagtynyň bir bölegi dalaşgärlere çekişmeleri we “tegelek stollary” geçirmek üçin goýberildi. Döwürleýin metbugat neşirleri deputatlyga dalaşgärleriň beren wagyz-nesihat materiallary üçin birmeňzeş şertlerde metbugat sahypalaryny bölüp berdiler.
Wagyz-nesihat döwründe döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary deputatlyga dalaşgärlere köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýardam edýärler. Bu maksatlar üçin açyk meýdançalar, medeniet köşkleri we öýleri, okuw mekdepleriniň we kärhanalaryň mejlisler zallary ulanylýar. GDA-nyň synçylary şeýle duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdylar we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz-nesihat çäreleriniň saýlaw hakynda kanunlaryň we etiki kadalaryň çäklerinde, milli mentaliteti we däpleri nazara almak bilen, belli bir görnüşde geçirildi diýip belleýärler.
Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm guramasylykly we asuda ýagdaýda geçýär diýip, GDA-nyň synçylary belleýärler.