Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň Babarap obasynda milletiň gadymdan gelýän ruhy-ahlak maksatlaryna we däbe öwrülen maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylydygyny alamatlandyrýan “Toý mekanynyň” açylyş dabarasy boldy.
Toý dabaralarynyň täze merkeziniň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar, oba ilaty we köpsanly myhmanlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Toý mekanynyň” açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimiziň bagtly geljeginiň bähbidine, mukaddes maşgala ojaklarynyň binýadynyň berkden tutulmagyna gönükdirilen zerur işleri amala aşyrýarys. Bagt köşklerinde geçirilýän dabaralar durmuş toýuny tutýan ýaşlaryň durmuşynda iň bir ýatda galyjy, iň bir şatlykly wakalaryň birine öwrülmek bilen, milli däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde döwrebap öwüşgine, täze many-mazmuna eýe bolýandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrülmelidir.
Täze desga häzirki zaman Babarap obasynyň merkezi köçesinde ýerleşip, soňky ýyllarda obanyň görküne görk goşan dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň toplumyna sazlaşykly goşuldy. Täze “Toý mekanynda” döwrebap inžener-tehniki pikir we türkmen binagärliginiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar. Aýratyn gözellik we dabaralylyk onuň görküne görk goşýar. Dürli reňkli toý baglaryndan, howa şarlary bilen baýramçylyk lybasyna beslenen dabaralar merkezi bu gün aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Başyny sahnalaşdyrylan çykyş bilen başlan toý tansyny ýerine ýetirýän döredijilik toparlarynyň çykyşy dabaraly ýagdaýy döredýär. Tolgundyryjy wals owazy, gyzlaryň ajaýyp lybaslary we täsin hereketleri, oglanlaryň buýsanç bilen ýerine ýetirýän hereketleri, tansyň dürli öwüşgini nikalaşmak dabarasynyň şowhunyny artdyrýar.
Binanyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada sahnalaşdyrylan owadan çykyş – milli tanslar we aýdymlar bilen galkynan hemme däp-dessurlar görkezilýän türkmen gelin toýy ýaýbaňlandyryldy. Däp boýunça ol gelnalyjy dessury görnüşinde ýerine ýetirildi hem-de öýlenýän oglanyň we durmuşa çykýan gyzyň tarapyndan garyndaşlaryň arasynda şadyýan bäsleşigi alamatlandyrdy.
Bu günki sene ýaş çatynjalaryň bäş jübüti üçin örän tolgundyryjy we şanly güne öwrüldi. “Toý mekanynyň” açylmagy mynasybetli geçirilen nikalaşmak dabarasy we ýatda galyjy dabaraly wakalar aýratyn gözel bezegi bilen tapawutlanýan, merkeziň nikalary hasaba almak üçin birinji gatyndaky ajaýyp bezelen zalda geçirildi. Ýaş çatynjalar dabaraly ýagdaýda öz nikalaryny gol çekmek hem-de ýüzük dakyşmak bilen berkitdiler. Özboluşly dessury berjaý edip, ýaş çatynjalar düýe ýüňünden işilen kümüş öwüşginler bilen bezelen alaja bilen biri-biregiň goşaryny daňdylar. Dabara gatnaşyjylar ýaş çatynjalary tüýs ýürekden gutladylar, olara bagt, uzak ömür arzuw etdiler.
Bagtly ýaşlar üçin toý tutmagyň dabaraly ýerine öwrüljek “Toý mekanynyň” bütin ajaýyplygy hem-de bezegi halkymyzyň medeniýetiniň we milli däp-dessurlarynyň döwrebap ösüşiniň sazlaşykly birleşýändiginiň nyşanydyr. “Toý mekanynda” öz milliligini saklap, türkmen gelin toýlarynyň täze ajaýyp we ýatda galyjy öwüşginler bilen üstüniň ýetirilmegi üçin hemme şertler döredilipdir.
2012-nji ýylyň iýunynda gurluşygy başlanan dabaralar merkezi meýdany 14000 inedördül metrden ybarat bolan iki gatly binadyr. Onuň birinji gatynda erkeklar we zenanlar üçin gözellik salony, altyn-kümüş şaý sepler dükany, sowgatlar dükany, fotostudiýa, nikalary hasaba almak üçin 100 orunlyk zal, 250 orunlyk kiçi toý zaly we beýleki otaglar bar. Ikinji gatda gelin toýlary üçin lybaslardyr bezegler, tikinçilik bölümi, gül dükany, 500 orunlyk uly toý zaly ýerleşýär.
Babarap obasynda “Toý mekany” dabaralar merkeziniň açylmagynyň Watanymyzyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda bolup geçmeginiň çuňňur manysy bardyr. Möhüm döwlet baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda durmuş-medeni ähmiýetli täze desgalaryň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däbe öwrüldi.
Dabaranyň barşynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar Babarap obasynda gelin toýlaryny geçirmegiň we täze maşgalalaryň döreýän ýerine öwrüljek “Toý mekany” dabaralar merkeziniň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olar täze “Toý mekanynyň” döwletimiziň häzirki gülläp ösýän döwründe halkymyzyň bagtly durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn aladasynyň we mähriban Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanydygyny nygtadylar.