Türkmenistan – möhüm ähmiýetli wakanyň bosagasynda. Ertir – 15-nji dekabrda ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ählisi türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açar. Türkmenistanlylar özleriniň Konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak arkaly, raýatlyk borçlaryny berjaý edip, halkyň has mynasyp wekillerini ýurduň ýokary kanun çykaryjy edarasyna saýlarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu saýlawlaryň demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, türkmen jemgyýetiniň durmuşynda hakyky halk häkimiýetine mahsus ýörelgeleri pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini belledi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna aýdylmagyna görä, şu gezekki saýlawlara degişli çäreleriň barşynda uly möçberli işler geçirildi, şoňa ähli derejelerdäki döwlet düzümleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri goşuldy. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlanimak ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksine we halkara hukugyna degişli kadalara laýyklykda amala aşyryldy.
Bu günki gün ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ykjam taýýarlyk görüldi, şolaryň her biri ses bermek üçin aňyrsy görünýän, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri hem-de zerur maglumatlary berýän we usuly edebiýat bilen öňünden üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite ýerler bilen üpjün edilen jaýlar bar. Saýlaw uçastoklarynyň her biri ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.
Uçastok saýlaw toparlary öz borçlarynyň berjaý edilmegine diýseň jogapkärli çemeleşdiler, bu toparlaryň düzümine syýasy partiýalaryň, işgärleriň toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri goşuldylar. Şolaryň tagallasy bilen, ýerlerde ilatyň arasynda giňişleýin düşündiriş işi geçirildi, munuň özi esasan saýlawçylaryň işjeňliginiň has-da artmagy bilen şertlendirilendir. Galyberse-de, saýlawlaryň geçirilýän gününde haýsy-da bolsa bir sebäbe görä ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek adamlar öňünden ses bermek hukugyndan peýdalandylar, olaryň dolduran saýlaw býulletenleri möhürlenen ýörite gutularda sesleriň sanalyp ugraljak pursatyna çenli saklanar.
Saýlawçylaryň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler bilen duşuşyklarynyň ählisi bellenilen we ylalaşylang tertibe laýyklykda geçirildi. Şol duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri barada saýlawçylara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly öňden mälim edildi. Şunda dalaşgärleriň hemmesine saýlawdan öň wagyz işlerini geçirmek üçin deň şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini aýtmak gerek.
Geçiriljek saýlawlar barada aýdylanda, Türkmenistanyň şu çäräniň açyklygy we aýanlygy babatda halkara ýörelgelerine eýermek bilen, onuň monitoringi üçin giň dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini çagyrandygyny bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öňüsyrasynda Türkmenistana Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekiliýeti geldi, onuň düzümine GDA gatnaşýan döwletleriň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň synçylarynyň, şeýle hem Ýewropanyň bu guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wekiliýetleri goşuldy.
Şeýlelikde, 14-nji dekabrda ýarygije saýlawlar barada hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça çäräniň möhüm tapgyrlarynyň biri, ýagny wagyz etmek işi tamamlanýar. Ýekşenbede, 15-nji dekabrda sagat 7-den başlap, 19-a çenli saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ses berler. Ses bermegiň barşynda halkyň milli parlamente wekilleriniň 125-si saýlanar.