Ï Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň maslahaty geçirildi

view-icon 728
Şu gün türkmen paýtagtynda Zenanlar birleşiginiň maslahaty geçirildi. Oňa Birleşigiň welaýat, etrap we şäher birleşikleriniň, ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary, arçynlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, wise-premýer, milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleiniň wekilleri bar.

Maslahatyň gün tertibine zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda eýeleýän orny, şeýle hem ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlary türkmen halkynyň milli ruhy-ahlak gymmatlyklary we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Maslahata gatnaşyjyar öz çykyşlarynda häzir-- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlar hereketi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly orun eýeleýärler diýip, aýratyn bellediler. Türkmen jemgyýetiniň zenanlary halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, eziz Watanymyzy ösdürmek, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmek işine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Bellenilişi ýaly, biziň döwletimiziň eşretli geljeginiň hatyrasyna bilimli, ýokary hünärli, giň gözýetimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, watançylyk ruhunda terbiýelenen ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetçilik guramalaryna we ozaly bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşigine degişli bolan ornuň aýratyndygy bellenildi. Birleşik öz işinde türkmen döwletiniň baştutanynyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alýar hem-de Watana söýgini, maşgala ojagyna wepalylygy özünde jemleýän milli däplere daýanýar.

Neşeleriň bikanun dolanyşygyna we sarp edilmegine garşy göreşmekde Zenanlar birleşiginiň eýeleýän orny baradaky mesele maslahatda garalan mowzuklaryň hatarynda boldy. Degişli ugurda maksada gönükdirilen toplumlaýyn işleri geçirmegiň möhümdigini bellemek bilen, maslahat gatnaşyjylar tutuş adamzady tolgundurýan bu howply bela garşy durmakda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gujur-gaýratlaryny we tejribelerini eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.