Şu günler ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze – 2014-nji ýylyny garşylamaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanlylar geljegi üçin meýilnamalary düzüp hem-de arzuwlarynyň hasyl bolmagyna umyt edip, Täze ýyly ynamly we ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Biziň buýsanmaga zadymyz köpdür, çünki, häzirki döwrüň her bir güni Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Biz geljege uly ynam bilen garaýarys, çünki ajaýyp ýurtda täsin döwürde ýaşaýarys. Biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadançylygy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy.
Ministrler Kabinetiniň 13-nji dekabrda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl çärelerine taýýarlyk görmek meselelerine degip geçip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsertleri guramagy tabşyrdy. Täze ýyl halkymyzyň, esasan-da, çagalaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biridir, hut şonuň üçin hem Täze ýyly ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň mynasyp garşylamagyny üpjün etmek, ulular we çagalar üçin medeni dynç alşy, ýokary derejeli baýramçylyk çärelerini guramak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ak mermere beslenen gözel türkmen paýtagtynyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de obalarynyň baýramçylyk lybasy sabyrsyzlyk bilen garaşylýan jadyly we özboluşly, şadyýan we hoşniýetli Täze ýyl baýramçylygynyň barha golaýlaşyp gelýändiginden habar berýär.
Täze ýylyň hem-de şondan soň mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň ýetip gelmegi bilen bu baýramçylyk çärelerini guraýjylar üçin jogapkärli döwür başlanýar. Aýazbaba we Garpamyk bu baýramçylyga aýratyn jogapkärçilik bilen taýýarlyk görýärler. Olar Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde baýramçylygyň has gyzykly we täsirli bolmagy babatda pikir alyşmak, şeýle hem bäsleşik çärelerinde özleriniň täsin ukyplaryny görkezmek üçin Aşgabada geldiler.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň edaralary hem şu günler has joşgunly işleýärler. Olarda Täze ýyla bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Olaryň biri – “Bagtyýarlyga beslenen türkmen halysy” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy 19-njy dekabrda Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçiriler. 21-nji dekabrda bolsa “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda “Hoş geldiň, Täze ýyl, berkarar Watana” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçiriler, olarda mähriban Watanymyzy, söýgini we gözelligi wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanar.
Häzirki Aşgabadyň ajaýyp ýerleriniň birine öwrülen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada 22-nji dekabrda ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasynyň geçirilmegi baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biri bolar. Bu ýerde ýurdumyzyň iň belent we owadan bezelen arçasy gurnaldy hem-de hakyky ertekiler şäherjigi ýaýbaňlandyryldy.
Paýtagtymyzdaky ajaýyp arçanyň yşyklary ýakylandan soň, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklary bilen öwşün atar. Hemişe ýaşyl öwüsýän, owadan oýnawaçlar, çyralar we beýleki täsin zatlar bilen bezelen arçalaryň töwereginde okuwçylaryň gyşky dynç alyş günleri tamamlanýança dürli Täze ýyl dabaralary geçiriler. Olara meşhur estrada aýdymçylary, teatr we folklor toparlary, körpe artistler we elbetde, çagalaryň söýýän ertekileriniň gahrymanlary gatnaşar. Bagtyýar çagalar el tutuşyp, arçalaryň daşyndan aýlanar.
Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde Aşgabatda ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemi jemlener. 24-nji dekabrda Maslahat köşgünde ýaş zehinleriň konserti bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda olaryň hünär babatda has-da ýokary sepgitleri eýelemegi üçin ähli şertler döredildi.
25-nji dekabrda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler myhmanlary garşylar. Şol gün bu ýerde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda “Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy bolar. Konsertiň maksatnamasyna laýyklykda, Köşkde terbiýelenýänler Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýörite döredijilik sowgadyny taýýarladylar.
Türkmenistanda her bir baýramçylyga, şanly senä gabatlap täze desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde hem täze binalary açmak göz öňünde tutulýar. Täze desgalaryň açylmagy täze bagtly ýoluň başlanýandygyny alamatlandyrýan nyşan hökmünde kabul edilýär. Mysal üçin, baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bamy obasynda täze Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy bolar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Adalat” geňeşliginiň Garawuldepe obasyndaky, Gurbansoltan eje etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamazy obasyndaky, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Gurbansoltan eje etrabynyň 3-nji ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze sport mekdeplerinde ilkinji sport ýaryşlary geçiriler.
Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň Boýnuzyn geňeşliginiň Kaksaçan obasynda, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Berkarar obasynda, Baharly etrabynyň “Durun” geňeşliginiň Durun obasynda hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde Täze ýylyň öňüsyrasynda açyljak çagalar baglarynda körpeler Täze ýyl arçalarynyň daşynda aýlanarlar we şatlanar.
Şeýle hem baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gaz turbinaly kiçi elektrik bekedini işe girizmek hem-de Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde nebit kärhanasyny açmak göz öňünde tutulýar.
Täze ýylyň öň ýanyndaky hepdede Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň taýýarlan gyzykly baýramçylyk dabaralarynyň ençemesi geçiriler. Şol günleriň türkmen paýtagtynyň esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülýändigini bellemelidiris.
29-31-nji dekabrda paýtagtymyzyň “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Ylham” seýilgähinde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan baýramçylyk konsertleri guralar. Şol ýerlerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýaşlygy we döredijiligi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýerine ýetriler hem-de folklor çykyşlary guralar.
31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde guraljak uly baýramçylyk dabarasy aýratyn ähmiýete eýe bolar. Oňa ýurdumyzyň iň ussat ýerine ýetirijileri, aýdym-saz toparlary, teatr we folklor toparlary gatnaşar. Däp bolşy ýaly, bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsi guralar we uly telemonitordan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy ýaňlanar. Täze, 2014-nji ýyly garşylamak dabaralary köp öwüşginli feýerwerk bilen tamamlanar. Tutuş ýurdumyz boýunça teletomaşaçylaryň millionlarçasy bu ajaýyp Täze ýyl baýramçylygynyň şaýatlary bolar.
2014-nji ýylyň ilkinji günlerinde paýtagtymyza, Täze ýyl Döwlet arçasyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan körpe türkmenistanlylaryň köp sanlysy – okuwda tapawutlanan çagalar, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýänler we beýlekiler geler. Olar üçin bu ýerde dürli baýramçylyk çäreleri taýýarlanyldy. Türkmen paýtagtynda geçiriljek baýramçylyk dabaralary körpelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrar.
Biziň maksatlarymyz we meýilnamalarymyz aýdyňdyr, ýurdumyzyň kuwwaty egsilmezdir, halkymyz bolsa ata-babalarymyzyň beýik mirasyna eýedir. Munuň özi uly güýje eýedir. Biz ýurdumyzyň ykbaly üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolan Täze ýyla uly ynam bilen gadam basýarys.
Biz 2014-nji ýyldan nämelere garaşýarys?
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyz we mähriban halkymyz üçin seçip alan ýoluna ygrarly bolmak bilen, biz Täze ýyldan ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň has-da artmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we her bir öýüň abadançylygyna hem-de bagtyýarlygyna garaşýarys.