Ýylyň ahyryna çenli Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň çäkleriniň dag eňňitlerinde türkmen arçasynyň ýaşajyk nahallarynyň 1250 düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde bag ekemk möwsümi ýakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we BMGÖM “Nohur” taslamasynyň pilot böleginde ýaşulylaryň, ýerli geňeşiň agzalarynyň, jemgyýetçiligiň wekilleriniň, oba adamlarynyň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Bu işler Adaptasion gaznasy tarapdan maliýeleşdirilýän “Howanyň üýtgemegi bilen bagly milli we ýerli derejelerde fermer hojalygy ulgamyna howplaryň täsir etmegi” taslamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy. Tsalamanyň çäklerinde “Nohur” böleginde sil suwlaryny toplamak üçin täze bentleriň gurluşygy guralar we suw howdanlarynyň öňki bentleriniň durkuny täzelemek, dag çeşmelerini goramak we arassalamak, dag ýerleri şertlerinde gök ekinleri we miweli baglary damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny ornaşdyrmak guralar.
Bu taslama ekologiýa-howa şertleri bilen tapawutlanýan ýurduň dürli künjekleriniň pilot sebitleriniň üçüsiniň çäklerini öz içine alar. Dag eňňitlerinde bag ekemek işleri dag eňňitleriniň ýumurulmazlygynyň öňüni almaga hem-de çeşmeleriň suw çykaryjylyk ukybynyň saklanyp galmagyna, çöllük zolaklarynda – süýşýän çägeleri berkitmäge, suwarymly ýerler zolagynda bolsa – biodrenäž hökmünde tokaý zolaklarynda gorag işlerini döretmäge, kenarlary berkitmäge şertleri döredýär. Toplumlaýyn çemeleşme howanyň üýtgemegi bilen ýüze çykýan guraklaşma şertlerinde suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu bolsa şu ýylyň başynda kabul edilenTürkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň öňde goýan wezipelerine laýyk gelýär.
Ýerleri ýaş nahallar bilen üpjün etmek üçin nahallaryň ýerli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça nahalhanalar döredildi, şeýle hem tohumlary ýygnamagyň, olary taýýarlamagyň usullary boýunça ýörite okuwlar guraldy.